“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Sarahs etrap Polisiýa bölüminiň, etrap hassahanasynyň, etrap häkimliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işine seretýän bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdymyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda alynylyp barylýan işler şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler dogrusynda we Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” dogrusynda giňden düşündirmek maksady bilen Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde etrap edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti pugtalandyrmakda, şonuň bilen bir hatarda ildeşlerimizi berk bedenli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegini gazanmakda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Soňra çykyş edenler ”Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde öňümizde goýulýan wezipeler barada bellenilip geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşynyň, baky bagtyýarlygynyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Serdarymyza bolan guwanç-buýsançlaryny alkyş sözler bilen beýan etdiler.
Hydyr DAŇATAROW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmenmi.