“AHLAK ARASSALYGY, RUHY TÄMIZLIK” ATLY WAGYZ NESIHAT ÇÄRESI

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek şeýle-de gyş-ýaz möwsümi gazçylar üçin aýratyn jogapkärli döwür hasaplanýar.Şoňa görä,biz bu möwsüme göwnejaý taýýarlyk gördik diýip belläp geçdiler.Şu işlerde tejribeli hünärmenlerimiz,işçilermiz öz zähmet göreldelerini görkezdiler we tebigatymyzda bag-bakjalary gülläp ösdürmekde uly goşantlaryny goşdylar we ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak we arassa saklamak işlerini göz öňüne tutup ýaşlaryň işe bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Ahlak arassalygy, ruhy tämizlik” ady bilen Döwletabatgazçykaryş müdirliginde ýaşlarynyň arasynda wagyz nesihat çäresi gurnaldy.

 

Aýgül ÖDENÝAZOWA,

“Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň

Ilkinji ýaşlar guramasynyň işgäri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 2 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 499 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT