«ARKADAG ŞÄHERI ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” TDP-niň Ahal welaýat komiteti, TAP-niň Ahal welaýat komiteti, TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi, TKA-niň Ahal welaýat birleşmesi we Ahal welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramaklarynda «Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheri» ady bilen, Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabarada çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” her bir güni şanly senelere, toý baýramlara, ösüş özgertmelere has dogrusy ýaşlarymyzyň taryhynda altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň birine öwrüldi diýip nygtamak bilen, Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujulardyr” diýip bellemek bilen, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly beýik wezipeleri üstünlikli çözmek babatdaky tagallalarda ýaşlaryň döredijilikli we tutanýerli zähmetine aýratyn ähmiýet gönükdirýär, olara uly ynam bildirýär. Şonuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, ylym-hünär öwrenmegi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ugrunda ähli şertleri hem-de mümkinçilikleri döredýär. Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäherindäki edaralaryň, gulluklaryň ýolbaşçysy wezipelerine, aýratyn-da, ýaşlaryň bellenilmegi ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülmegi berkarar Watanymyzda ýaş nesiller hakda edilýän aladanyň özboluşly dabaralanmasy bolup, kalplarda buýsanç duýgusyny döredýär.

Mälim bolşy ýaly Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji martda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle-de Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren mejlisiniň barşynda Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülmeginiň guwançly ýagdaýdygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, munuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhy, milli binagärlik ýörelgeleriniň bardygyny aýtdylar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň şäheriniň – Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygy ildeşlerimiziň her biriniň göwün guşuny ganatlandyrýar diýip çykyş edenler bellediler. Çykyşyň edenler ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrüljek Arkadag şäherine guwanýarys, buýsanç bilen belläp, şeýle ajaýyp, özboluşly şäheri gurdurýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini beýan edip, ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmet çekmekleri, gurmaklary we döretmekleri üçin döredýän mümkinçiliklerine köp sagbolsun aýdýaryn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler!

 

Güljemal ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar