ÝERTUDANA WE ONUŇ PEÝDALARY

Ýertudana ýaz paslynda ilkinji ýetişýän miweleriň biri bolup, onuň öz boluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýer tudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köp ýyllyk ösümlik bolan ýer tudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da murtjagazlaryndan köpeldip bolýar. Ýer tudana C witamine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düziminde marganes, mis we nitrat ýaly minerallar köpdür. Gadymy Rimde ony dürli keselleri bejermek üçin hem ulanypdyrlar.

Peýdalary:

  • Düzümindäki C witamin bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ýaralaryň bitmesini çaltlaşdyrýar, gan basyşy kadalaşdyrýar, dişleriň we süňkleriň emele gelmegine kömek edýär.
  • Nitrat myşsalara ganyň we kislorodyň köp barmagyny üpjün edip , myşsalaryň ýadamagynyň öňüni alýar.
  • Onuň düzümindäki mis deride kollageniň döremesini çaltlaşdyrýar. Ýer tudanany ýa-da onuň suwyny derä çalmaklyk deriniň näzik we ak bolmagyna hem-de onuň garramagynyň öňüni alýar.
  • Düzümindäki annatosion maddalary horlanmaga ýardam berýär.
  • Iýmezden öň hökman ýuwmaly.
  • Miwäni ýuwup sowadyja salmaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi ýuwlan miwe çalt zaýalanýar.
  • Miwe ýyglandan soňra , ony sowadyjyda 3-7 aralygynda saklap bolýar.

 

Arzygül MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA