GÜLLER GÖZELLIKDIR, SAGLYKDYR

Gül-gunçalar açylyp,dürli görnüşli gülleriň hoşboý ysy bark urup duran howluda, jaýda ýaşamagyň ynsan ruhunyň hemişe çag hem-de saglygy üçin ähmiýetiniň näderejede uludygyny hemmeler bilýär. Ýaşaýan howlymyzda, jaýymyzda özboluşly gözellik döretmekde otag we bezeg gülleriniň uly ähmiýeti bar. Olar adamlara hemişe egsilmez ruhy lezzet bermek bilen birlikde şol ýeriniň howasyny- da tämizläp durýar. Kömürturşy gazyny sorup alyp, kislorody bölüp çykarýar. Işde we öýde dynç alyş pursatlarynda adamlaryň nerw dartgynlylygyny gowşadýar, argynlylygyny aýryp, keýpini göterýär. Otag we beýleki bezeg ösümlikleridir gülleriň aglabasynyň ynsan saglygy üçin kesel bejerijilik häsiýetleri-de bar. Aýdaly, aloe, briofillium, kaktus, howluda ýetişdirilýän çopantelpek, topinambur ýaly ösümlikler derman hökmünde ulanylýar. Ýaşaýyş we iş otaglarynda kompýuter ulanylýan bolsa, onuň ýanynda, köplenç küýzejikde ösýän kaktus goýulýar. Sebäbi ol işlenilýän tehnikanyň daş-töweregine, başynda otran adama täsirini düýpli peseldýär. Şoňa göräde, bu ösümligi ýetişdirmäge isleg bildirýänler barha köpelýär.

Kaktusyň ähli görnüşi Gün şöhlesini oňat görýär. Şonuň üçin ony penjiräniň öňünde goýsaň gowy. Otag ösümlikleriniň ählisini diýen ýaly güýz we ýaz pasyllarynda çybykdan köpeltmek amatly. Sansewera, koleus, balzamin, tradeskansiýa we gibiskius (hytaý bägüli) ýaly ösümlikler şolara degişlidir. Ýapraklary näzik bolansoň, olary günden az-kem goramak üçin tutuly penjireleriň öňünde goýmaly. Bezeg üçin howluda ýetişdirilýän çopantelpek, siniýa, lobiýa ýaly ösümlikler tohumyndan, topinambur, hrizantema bolsa kökünden köpeldilýär. Olardan çopantelpek, topinambur hem gözellik, hem dermanlyk üçin peýdalanylýar. Itburuny hem şolaryň hataryna goşmak mümkin. Edil aloe ýaly kökünden köpelýän kalanhoe hem bejerijilik häsiýetli. Otag ösümlikleriniň, gülleriniň käbiriniň biri-birini “sygdyrmazlyk” häsiýeti-de bar. Şoňa görä, biri beýlekisine golaý ýerleşdirilende, “sygdyrylmaýany” kadaly ösüp bilmeýär. Şeýle hem, bularyň aglabasy ýeriniň üýtgedilmegini-de halamaýar. Göçüriläýse, guramak bilen bolýar.

Gülleri belli bir adam idetse gowy. Onsoňam, olar tebigatda pasyllaryň çalşygyny oňat duýýar. Biziň şertlerimizde otag ösümlikleri güýz we ýaz pasyllarynda ekilýär.Olar küýzejiklerde ekilende onuň düýbi deşik bolmaly. Suw ýere dökülmez ýaly küýzejikleriň aşagyna gapjagaz goýulýar. Küýzejikleriň düýbüne daş bölejikleri atylyp, üsti ders çüýrüntgili toprak bilen doldurylýar. Beýle edilmegi suw-howa çalşygyny ýokarlandyrýar, olaryň gowy ösmegine oňat täsir edýär. Olaryň ulurak gapdaky ýetişdirilişi-de edil küýzejiklerdäki ýaly.

Bezeg gülleridir ösümlikleri örän çäkli ýerde ýagny, otagda we howluda ösdürilýändigine garamazdan, gözel tebigatymyzyň bir bölegidir, gözellige goşantdyr. Olar diňe bir öýümizde-ojagymyzda lälezarlyk, gözellik döretmän, eýsem kalbymyzda hem gözellik döredip, ömrümize ömür goşýar, bize saglyk paýlaýar. Şeýle-de maşgaladaky çagalarda mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza, onuň ösümlik dünýäsine söýgi döretmäge-de uly ýardam edýär.

Güller-gözellik. Gözelligi göreniňde göwnüň göterilýär. Gözellige bolsa, ýaşyna garamazdan uly-kiçi her bir ynsan teşne. Onsoňam, daş-töweregimize, ýaşaýan öýümize, howlymyza bezeg berip hem-de kalbymyza gözellik nuruny çaýýan gülleriň, ösümlikleriň, baglaryň bar ýerinde ömrümize ömür goşýan arassa howanyň bardygyny-da ýatdan çykarmasak gowy.

Goý, durmuşymyz, ömrümiz göreniňde göwnüňi göterýän güller ýaly owadan bolsun!

 

Ahmet GYŞYKOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

 guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA