GYZBUKJAM – EDEP BUKJAM

Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz dürli durmuş ýörelgelerine diýseň baýdyr. Olary öwrenip, geljekki nesillerimize ýetirmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Ene-mamalarymyzdan bize miras goýup giden durmuş ýörelgeleri özboluşly mekdepdir. Ene-mamalarymyzdan bize miras galan gyz göwnüniň arzuwlaryny özünde jemleýän gyzbukjalaryň näzik köňülleriň töründe uly orny bardyr. Onuň aýratynlygy, onuň ýagşy zatlary arzuwlap taýýarlanylýanlygyndadyr. Owadan mata böleklerinden taslanan, barmakboýy gyrkyndylardan guralan, mahmal, parça, mawut ýaly berk matalardan tikilip, agzydyr dört tarapy nagyşlanan bukjalary bolsa görmäge göz gerek. Olary synlap, enelerimiziň gyz maşgala ýaşlygyndan başlap tygşytlylygy, aýawlylygy, aňrybaş derejä ýetirip, päk zähmeti bilen gazanan her bir halal zadynyň gadyryny bilmekligini ündeýän bu endikler soňra zenan maşgalanyň iň ajaýyp häsiýetleriniň arasynda orun alýandygyna göz ýetirýärsiň. Bukjalar hem birnäçe görnüşleri bolýar: düýp bukja, sep bukja, syr bukja, aýna-darak salynýan bukja, iňňe-sapakdyr ownujak esbaplar üçin tikilen bukjalardan ybarat. Bu bukjalaryň aýratynlygy bilen gysgaça belläp geçesim gelýär.

     Düýp bukja

Bu bukja gyz maşgalanyň milli lybaslaryny salmak üçin niýetlenendir. Gyz maşgalanyň düýp bukjasyny açanyňda onuň el işlerine şaýat bolýarsyň.

     Sep bukja

Muňa gyzyň ýalyk, tahýa, jorap ýaly kiçeňräk sepleri girýär. Türkmen gözelleri başy ýaglyklyja hasam salykatly, saýhally, sypaýy görünýärler.

     Syr bukja

Ýaşlykdan asylly terbiýe berlen gyz maşgala ýüregindäki iň näzik duýgularyny elmydama gizlin saklaýar. Onuň diňe bir enesidir-ejesine däl, ýeňňesine-de uýaljyrap aýdyp bilmeýän syrlary bolýar. Gyz näzik duýgylaryny, hiç kime ynanmadyk sözlerini, hyýalynda beslän ýigide tiken akgaýmalaryna, dokan bilguşaklaryna siňdiripdir. Syr bukjasy hem şonuň üçin niýetlenipdir.

     Sowgat bukja

Gyzyň gaýyn öýüne getiren sowgatlary salynýar. Munda gyzyň gaýyn öýüne bolan sylag hormaty bolman, gyz maşgalanyň öz elleri bilen tiken lybaslarynda gyzyň el işleriniň nähili dereje-de nepisdigine baha berýärler.

     Aýna-darak bukja

Gyz maşgalanyň terbiýesinde , özüne timar bermegi öwrenmekde, arassaçylyk düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekde aýna-daragyň ähmiýeti uludyr. Durmuş tejribesine baý bolan ene-mamalarymyz ýörite kiçeňräk bukjalary tikmegi we ol bukjanyň içine aýna-daragyň hem-de saçlaryny daranlaryndaky darakda galan saç gyryndylaryny zyňmaklyk türkmençilikde günä hasaplanýandygyny, şonuň üçin hem saçlaryny şol bukja  salmaklaryny ýaşlarymyza öwüt-ündew edipdirler. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde hem dowam etdirilip, ýaşlarymyza öwüt-ündew edilýär.

     Iňňe sapak bukja

Türkmen gözelleri iňňeden sungat, darakdan gudrat ýasamagy başarypdyrlar. Adyndan belli bolşy ýaly bu bukja gyz-gelinleriň hünärleri bolan milli el-işlerimizi edenlerinde iňňedir, sapaklary şeýle hem el iş edenlerinde barmaklaryny iňňeden gorar ýaly ýüwse, oýmak üçin niýetlenendir. Şeýle bukjanyň bolmagy ähli ownujak esbaplarynyň bir ýere jemlenmegine, çagalar üçin hem howpsyz durmagyna hemaýat edipdir. Bize ýol ýörelge bolup gelen bu bukjalar gyz-gelinlerde ünslilik, eserdeňlik, ykjamlyk, arassaçylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmeginde ähmiýeti örän uludygyna göz ýetirýärsiň.

Şeýle bukjalar toý etjek gyzlarymyzyň dokuzynda esasy esbaplar hasaplanýar. Ady agzalan bukjalarymyz hem biziň häzirki döwrümizde her bir öýde saklanylyp gelinýär. Bu bolsa biziň gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyza uly sarpa goýýandygyndan nyşandyr.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA