TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GELEN GYNANÇ HATLAR

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

 

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Öwezini dolup bolmajak ýitginiň hasratyny paýlaşmak bilen, şu kyn pursatda Size sabyr-takat dileýärin.

Goý, merhumyň jaýy jennet bolsun!

Çuňňur gynanç bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

 

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymyzy we duýgudaşlygymyzy beýan edýäris. Gudraty Güýçli Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Siziň Alyhezretiňize hem-de maşgalaňyza sabyr-kanagat dileýäris.

Hamad bin Isa Al Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

 

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymyzy we duýgudaşlygymyzy beýan edýäris. Gudraty Güýçli Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Siziň Alyhezretiňize hem-de maşgalaňyza sabyr-kanagat dileýäris.

Salman bin Hamad Al Halifa,

Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, 

Premýer-ministri.