TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

13-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň birinji çärýeginde goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek, Ýaragly Güýçleriň ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji martynda gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda görülýän çäreler we harby-taktiki okuwlara taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny belledi. Geçiriljek harby-taktiki okuwlara talabalaýyk taýýarlyk görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Milli goşunyň ähli düzümleriniň işini ýokary derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, harby ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek we ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden boşatmak we ýazky harby gulluga çagyrmak möwsümini kanunçylyga laýyklykda guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ýaş esgerleri watançylyk hem-de eziz Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça düzümleriň birnäçesinde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, edaranyň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekip, dürli kanun bozulmalarynyň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Işi guramagyň hem-de dolandyrmagyň esaslarynyň innowasion usullaryny özleşdirmek, işgärleriň hünär babatdaky ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, prokuror-barlag işini alyp barmagyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmek meselelerini gözegçilikde saklamak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Baş prokurora birnäçe tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini talabalaýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şeýle hem edaranyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, täze edara binalarynyň ulanmaga berlişi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň döwrebap tehnikalar, sanly ulgam bilen üpjünçiligi bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, täzeçil usullary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň dürli görnüşleriniň öňüni almak maksady bilen, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz guramalarda we kärhanalarda, ilatyň arasynda ýol hereketiniň we tomus möwsümi bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, adalatlylygyň we kazyýet önümçiliginiň ýörelgelerini kämilleşdirmegiň, milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly we garaşsyz kazyýet çözgütleriniň üpjün edilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew çykyş edip, hasabat döwründe howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň bu edaranyň we onuň düzümleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biriniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi üçin amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy emele getirmekden ybaratdygyny nygtady. Bu ugurda beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek üçin netijeli çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerinde asudalygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda bu gullugyň harby gullukçylary üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli we netijeli gatnaşyklaryny giňeltmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň serhetleriniň dostluk we doganlyk serhedi hökmünde derejesini pugtalandyrmak işinde serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Serhet gullugynyň düzümlerini döwrebap tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen, kanun çykaryjylyk ulgamynda hem-de kanunlary ulanmak tejribesinde bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de ilatyň arasynda kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça guralýan çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, ony halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmekde bu düzüme möhüm ornuň degişlidigini belledi. Hereket edýän kanunçylygy seljermegiň esasynda täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we Mejlisiň garamagyna hödürlemek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady we adalat ministrine degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem gullugyň düzümlerine döwrebap usullary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna netijeli goşulyşmagy, daşary-ykdysady işiň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak üçin oňaýly şertleri döretmekde bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Bu ulgamda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy häzirki döwürde durmuşa geçirilýän gümrük syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatow hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we ornaşdyrmak, sanly ulgamy ulanmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, halkara gatnaşyklaryň işjeň ösýän döwründe bu edaranyň işgärleriniň gullugy ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri netijeli çözmäge mynasyp goşant goşmalydyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna iň täze maglumat-tehniki serişdeleriň hasabyna edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler binýadynyň kuwwatyny pugtalandyrmak işini dowam etdirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanmak bilen, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Bu ýörelgeler diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda goýlandyr. Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini kämilleşdirmek işi mundan beýläk-de dowam etdiriler, eziz Watanymyzyň goranmak ukyby pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.