“SPORT GÜÝÇ GAÝRATYŇ, SAGLYGYŇ GÖZBAŞYDYR”

Saglyk-gymmatly baýlyk. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, ruhy we beden saglygyny berkitmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler biziň ýurdumyzda adam baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň subutnamasydyr. Ynsanyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak, sportuň köpçülikleýin häsiýetini gazanmak döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Gysga döwrüň içinde eziz Watanymyzda saglyk ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda Sport toplumlarynyň, stadionlarynyň gurulup berilmegi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuşa berk ornaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Diýarymyzda sagdyn jemgyýeti nusgalyk derejede kemala getirmek ugrunda edilýän işleriň aňyrsy-bärisi ýok. Ynha ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 40-njy orta mekdebinde hem “Sport güýç gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr” ady bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça çäreler geçirildi. Biz ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna çäksiz buýsanýarys. Döwletimizde ýaş raýatlarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY