TÜRKMENISTAN SPORT DÖWLETI

Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli gurulýan we açylyp ulanmaga berilýän sport toplumlary, sport desgalary, suw toplumlary her bir ýaş nesliň sagdyn bedenli bolmagy üçin uly aladalaryň netijesidir. Bu ýerde çagalardan tä uly ýaşly adamlara çenli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýarlar. Her ýylyň aprel aýynda uly dabaralara beslenýän sport biraýlygy ýaşlarymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Çünki biraýlygyň giň gerim alan döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gyzykly sport çäreleri geçirilýär. Bu ýaryşlarda ýaşlar sportuň saýlap alan görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezýärler. Şol bir wagtda tejribe artdyrmaga we kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar. Ýaşlar sport we saglyk çärelerine işjeň gatnaşyp, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi sagdyn nesilli jemgyýetiň kemala gelýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Türkmen sportuny gülledýän we ösdürýän hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty bu günki gün diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä jemgyýetçiliginde hem gyzgyn goldaw tapýar. Dünýäde ählumumy abadançylygy ündäp, giň jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli garaýyşlarynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly pikirlerinde sport hem eriş-argaç bolup geçýär. Beýan edilen parasatly jümleler dünýäde ykrar edilen sport döwletiniň dünýä syýasaty babatdaky garaýyşlarynyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde giň jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Sungat, saz-söhbet bilen berk arabaglanyşyk döredip, misli jadylaýjy sungaty ýatladýan sport bu günki gün ähli adamlaryň, esasan-da ýaş türkmenistanlylaryň kalbyndan orun alyp, mähir we söýgi bilen gurşalýar.

Gündogaryň merjen şäherine öwrülen, sebitde parahatçylygyň we ylalaşyklygyň merkezi hökmünde tanalýan Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmagy hem tötänlik däl. Munuň özi Aşgabatdyň dünýä derejesine wajyp bolan durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan, adamzadyň parahat we abadan durmuşy üçin özara arkalaşykly, parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklar üçin netijeli gepleşikleriň geçirilýän merkeze öwrülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Aşgabat älem giňişliginde Aziada – 2017-niň paýtagty diýlip tanalýar. Köpçülikleýin habar serişdeleri we halkara habarlar gulluklary bu barada täsirli makalalary bilen dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdiler. Şunuň bilen baglylykda, halkara sport guramalarynyň, federasiýalaryň, bileleşikleriň we sport jemgyýetleriniň ünsi ýurdumyza gönügýär. Türkmenistanda sport giň gerim almak bilen onuň netijeliligi milli çäklerden çykýar we halkara derejesinde üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlary bolsa abraýly sport teleýaýlymlarda we internetiň «on-line» görnüşinde tomaşaçylara gyzgyny bilen ýetirilýär. Türgenlerimiziň üstünlikleri, umuman sportumyzyň ösüşi hakynda dünýä belli žurnalistler we habarçylar özleriniň häli-şindi taýýarlaýan makalalarynda we dürli şekilli gepleşiklerinde aýdyň beýan edýärler.

Sportuň birnäçe görnüşi bilen yzygiderli meşgul bolýan Gahryman Arkadagymyzyň ussatlygy, kämilligi ýaş nesiller üçin özboluşly ussatlyk mekdebidir. Şeýle mekdebi döretmek bilen ýaşlara her bir işde nusgalyk görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Türkmen sportunyň üstünliklere beslenýän at-owazasy mundan beýläk-de has-da dabaralansyn!

 

Maýa ÇOWDUROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň bugalteri.