AT AGYNAN ÝERDE TOÝ BOLAR

Türkmenistan ýurdumyz toý-baýrama, şatlyk-şowhuna diýseň baý ýurt. Biziň ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Türkmen halkymyz bedew atlara uly hormat goýýar. Ata-babalarymyzdan biziň günlerimize miras galan nakyllar hem az däl. “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “Atda gaýrat bolsa, özge syn bolmaz” we mundan başgada birnäçe nakyllar bar.

Bedew-her bir ynsanyň ýakyn dosty, syrdaşy. Tebigatyň gözel goýnuna atly gezelenç etmek, uzak aralyga at çapmak, at münmek ynsan saglygy üçin diýseň ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sportynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda at çapyşyklary, konkur, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly birnäçe ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

Hawa at münýän adamyň ruhuda, göwnüde belent bolýar. Ata-babalarymyz atyň üstüni Süleýmanyň täji tagtyndan zyýat görüp, ony ezizläpdir, söýgüläpdir. Häzir ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew atlara bolan söýgi hormat has-da arty. Indi ussat çapyksuwarlarymyz, ýaş ýetginjeklerimiz at münüp halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlarda ýeňiş gazanýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaş ýetginjekleriň at çapmagy üçin ähli zerur şertler bar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekdäki beýik başlangyçlary bu gün uly goldaw tapýar. Häzirki wagtda her bir baýramçylygyň, toýuň bezegine öwrülen gamyşgulak bedew atlarymyz biziň gözümiziň guwanjydyr. Köňlümiziň buýsanjydyr. Bedew bady bilen ösýän özgerýän ata Watanymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramynyň ulydan bellenilmegi ýurdumyzda bedew atlara bolan hormatdan, sylagdan nyşandyr.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 8 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

09 Iýul 2025 | 7 okalan

ÝARYŞ GÜÝÇLÜLERI SAÝLADY