ÝURDUMYZDA MALDARÇYLYK BARHA ÖSDÜRILÝÄR

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygyny artdyrmakda, ilatyň islegli önümlerini öndürmekde telekeçilerimiziň mynasyp paýy bar. Mälim bolşy ýaly Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmekde , maldarçylygyň ähmiýeti we mallaryň baş sanyny, olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak babatda uly işleri durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, maldarçylyk pudagyny we mallaryň ot-iým üpjünçiligi dogrusynda netijeli işler amala aşyrylýar. Mallaryň önümliligini artdyrmak, tohumçylygyny gowulandyrmak, pudagy ylmy esasda ösdürmek işleri hem talabalaýyk durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarymyzyň etrapdyr, obalarynda maldarçylyk pudagy ösdürilip, öri meýdanlarymyzda hem mallara oňat ideg etdirilýär. Biziň etrabymyzda Hormatly Prezidentimiziň maldarçylygy ösdürmekde alyp barýan işlerinden ugur alyp, iri we ownuk şahly, mallara ideg etdirilip olaryň baş sanyny artdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Olara telekeçilerimiz öz goldawlaryny berip,  ýakyndan ýardam edýärler. Maldarçylygy ösdürmekde biziň etrabymyzyň A.Tekäýew daýhan birleşigi mallara oňat ideg etmekde, olaryň baş sanlaryny ösdürmekde öz erjelliklerini gaýgyrman öňegidijilikleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda maldarçylyk bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň Hormatly prezidentimize maldarçylygy ösdürmekde berýän mümkinçiliklerine öz sagbolsunlaryny beýan edýärler.

 

Tumar JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 8 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

09 Iýul 2025 | 7 okalan

ÝARYŞ GÜÝÇLÜLERI SAÝLADY