TÜRKMEN DUTARY KALBYMYZYŇ OWAZY

Türkmen saz guraly diýlende aklymyza ilki bilen dutar geler.Türkmenistanyň aýdym-saz dünýäsinde iň bilinen we ýörgünli saz gurallarynyň biride dutardyr.Dutar saz guraly hökmünde Aziýada dürli halklaryň arasynda ýörgünli gural bolup her halkyň öz dialektine görä atlandyrylýar. Türkmen buýsanjy dutar ýasamak senetçiliginiň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky hoş habary eşidip nädip buýsanman durup boljak. Dutar hakda halk köp rowaýatlar döredipdir. Dutar saz guraly tut agajyndan ýasalýar. Tut näçe garry boldugyça şonça gowydyr.Dutar ýasaljak tut agajyny güýzde ýapragyny dökende kesip alynypdyr. Dutar türkmen halky tanalyp başlanandan bäri halk sungatydyr.Dutar saz guraly taryhdan bu günimize çenli ýörgünli saz guraly bolup gelýär.

 

Arzygül BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA