SAGDYN KÖŞEKLER ALYNÝAR

Bäherden etrabynyň daýhan birleşiklerde düýeleriň baş sanyny artdyrmakda üstünlikler gazanylýar.

Düýelerden sagdyn köşekler almak, ýaş mallaryň ýitgisine ýol bermezlik maldarlaryň baş aladalaryň biridir. Öz işine yhlasly maldarlar şeýle etmegi başarýarlar. Olar meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli alyp barýarlar. Olaryň arasynda ýaşajyk sagdyn köşekleri almakda tapawutlanýan daýhan birleşikler hem-de sarwanlar hem bar. Olardan Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginde Annaorazow Ýolaman, Garýagdy Popaýew, Garaşsyzlyk adyndaky daýhan birleşiginde Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde Sähet Gurbanow, dagylar meýilnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdirler. Garagumuň “Mydar”, “Goşakak”, “Gyzyltakyr”, “Boýurganly”, “Aňkar” diýen oýlarynyň töwereklerinden düýe bakýan bu sarwanlar ýaş mallaryň oňat ösmegi üçin ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazylmagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler.

Maldarçylyk hojalygynda düýelerden köşek almak baradaky tabşyryklaryny abraýly berjaý eden maldarlaryň zähmet üstünligi hojalykdaky maldarlar üçin görelde alarlyk boldy. Esasy zatlaryň biri, alnan ýaş mallaryň ölüm-ýitimine ýol bermezlikdir. Maldarlar munuň üçin başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Olar yhlasly işiň hemişe üstünlikler getirýändigi pugta ynanýarlar. Şeýle ynam olara “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly bolan 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine beslemäge mümkinçilik berer.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň Sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA