Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün ýyladyşhana şertlerinde ter gök önümleri öndürýän telekeçiler bazar bolçulygyny döretmekde elinden gelýän zähmetini gaýgyrmaýarlar.
Şeýle telekeçileriň döwletimiziň her bir künjeginde yzygiderli işleri alyp barmaklary has-da buýsandyrýar. Etrabyň çäginde gurlup, işe girizilen döwrebap ýyladyşhana jemi 5 gektar meýdany eýeleýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanada işleriň aglabasy awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär. Iki bölümden ybarat bolan ýyladyşhanada hasyl berijiligi ýokary bolan pamidor şitilleriniň 195 müň düýbi oturdylyp, olara ideg işleri awtomatik usulda ýola goýulandyr. Ýyladyşhanada ekinleri goşmaça dürli iýmitler bilen iýmitlendirmek şeýle hem suw tutmak ýaly çärelere aýratyn gözegçilik amala aşyrylýar. Ýyladyşhanadaky tämizligi gazanmakda we ýetişdirilýän hasyly ýygnamakda ýaşlaryň 70-e golaýy önjeýli zähmet çekip, önüm bolçulygyna goşant goşýarlar. Olaryň tagallasy bilen, birkemsiz ýetişen hasyl wagtynda ýitgisiz ýygnalyp, ýörite gutulara salynýar. Öz işine ökde ýygymçylar häzirki günlerde bu işi göwnejaý ýerine ýetirýärler. Bu ýerde ýyladyşhananyň çyglylyk, ýagtylyk, ýylylyk derejesine awtomatik usulda gözegçilik edilýär. Munuň özi oturdylan pomidor şitilleriniň kadaly boý alyp, 85-90 günüň dowamynda bol hasylyň kemala gelmegine şert döredýär. Her bir düýpde 15-20 kilograma golaý hasyl zaýasyz ýitgisiz ýygnalýar.
Döwrebap ýyladyşhanada pomidoryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwletimiz tarapyndan telekeçilere berilýän goldaw hemaýaty netijesinde bu ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýygnalyp, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň ak bazarlaryny ter gök önümleri bilen halkymyza hyzmat etmekde uly işler alynyp barylýar. Diňe bir ýurdumyzyň ak bazarlaryny bezemän eýsem daşary ýurtlara hem eksport etmek ugrunda uly tagallalar ýerine ýetirilýär. Döwletimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan telekeçiler has-da hyjuwly zähmet çekýärler.
Arzygül MYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs
etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.