Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüş-özgerişlerde ýaşlarmyzyň aýdyň ertirini, ýagty geljege ynamly garaýyşlaryny aýdyň görýäris. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Türkmenistanly ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary kanun taýdan kepillendirilendir. Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýär. Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine, sporta we bedenterbiýä çekmekde, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň döwrüň talaplaryna laýyklykda güýçlendirilmeginde bilim işgärlerine hem möhüm oruna degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýä, sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň mazmuny barha baýlaşýar. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň hemmesinde ilatyň ilkinji nobatda ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi göz öňünde tutulandyr. Munuň özi ruhubelent ýaşlarymyzda uly gyzyklanma we höwes döredýär. Bularyň ählisi ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokary, mazmunynyň baý we döwrebap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek her bir ýaş zehini diňe bir şahsy kämillige ýetirmän eýsem tutuş ýurdumyz, jemgyýetimiz üçin gerekli hünärmeni kemala getirmäge hyzmat edýär. Goý ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelenmegi, zähmetsöýer, maksada okgunly, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagalla edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.