UNAŞ ŞYPALY AŞ

Türkmen saçagynyň datly saçagynyň tagamy bolan, milli tagamlarymyzyň naýbaşy hasaplanylýan tagamlaryň biride unaşdyr. Unaşa il arasynda begler aşy hem diýilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabynda hem unaş hakynda birnäçe peýdaly pelsepeler bar. Mährem ene-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik bolýar. Işden ýadap gelersin ýa-da bedeniňde sähelçe nähoşlugyň alamatlaryny duýarsyň weli, daşyňda perwana bolýan enelerimiz dessine elýeterinde duran kendirige ýapyşyp, derrew hamyr ýuwrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, bişirerde süzme garyp öňünde goýar weli, gyzgynjak unaşy içip, ne ýadawlygyň ne-de rahatsyzlygyňdan nam-nyşan galmaýar. Halk arasynda “Azajyk agyryny aş basar” diýip aýdylýar. Şeýle hem unaş işdä ýakyn tagamlaryň biri hasap edilýär. Unaşy esasy hem ajy burç goşulup gyş paslynda möwsümleýin kesellerden goranmak, şeýle hem öňüni almak maksady bilen ýygy-ýygydan içilip melhem hökmünde peýdalanylýar. Türkmen zenanlarymyzyň ezberlik bilen bişirýän unaşy müň bir derdiň dermanydyr. Unaşy kesmek üçin ezberlik talap edýär. Gadym döwürlerde gyz maşgala belli bir ýaşa ýetende oňa ilkinji bilen unaşy kesmekligi öwredipdirler. Eger-de unaşy ezberlik bilen kesenliginde, başga ähli tagamlary bişirip biljekdiklerini äşgär edipdirler. Häzirki döwürde-de, orta mekdepde okaýan ýokary synp gyzlarymyzyň, talyp gyzlarymyzyň arsynda gurnalýan bäsleşiklerimiziň şertleriniň biri-de unaşy kesmek bolup durýar. Bu bolsa ýaş gyzlarymyzyň ezberligini ýüze çykarmak, şeýle-de milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşyny ösüp gelýän ýaş nesillerimizde höwes döretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Biz ýaşlara ähli babatda, ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

 

Oguljennet ŞIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA