«Barselona» Ispaniýanyň La Ligasynyň 30-njy tapgyrynda «Atletikony» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykdaky ýeke-täk gol Ferran Torres tarapyndan geçirildi.
Şeýlelikde, bu ýeňişde soňra «Barselona» birbada birnäçe rekordlara golaýlaşdy. Birinjiden, «Barselona» La Liganyň şu möwsüminde 1:0 hasabynda gazanylan ýeňişleriniň sanyny 10-a ýetirdi. Bu ugurda liganyň rekordy 11 oýun hasaplanýar. Mundan ozal 2020/21-nji ýylky möwsümde «Sewilýa», 2017/18-nji ýylky möwsümde «Atletiko» hem-de 1988/89-njy ýylky möwsümde «Walensiýa» Ispaniýanyň çempionatynda 11 oýny minimal hasapdaky ýeňiş bilen tamamlapdy. Gyzykly tarapy, şol möwsümlerde olaryň hijisine çempion bolmak nesip etmändi. Ikinjiden, «Barselona» La Liganyň şu möwsüminde öz derwezesinden gol geçirtmedik oýunlarynyň sanyny 23-e ýetirdi. Bu ugurda klubyň ozalky rekordy 24 oýun hasaplanýar. Ol 1986/87-nji ýylky möwsümde hasaba alnypdy. Liganyň tamamlanmagyna ýene 8 tapgyryň bardygyny göz öňünde tutsak, rekordy täzelemäge doly mümkinçilik bar.
Häzirki wagtda «Barselona» La Liganyň turnir tablisasynda 76 utuk bilen 1-nji ýerde barýar. Ikinji orny bolsa liderden 11 utuk az toplan «Real» eýeläp dur.