2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýulan wezipelerden ugur alyp, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmak, olaryň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimize we sungatymyza, şeýle hem türkmen edebiýatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyşlara giň orun berlip, olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, millilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylym, bilim, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Jemal SAPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky
“Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň bölüm redaktory.