Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara bähbitli tejribe alyşmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda uly işleri alyp barýarlar.
Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde, olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:
Gazagystan Respublikasynyň «Ahal-Teke» atly ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Ýakow Dige,
Kanadadan hususy atşynas Kerri Jo Stewarta.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Hydyrguly Hojamberdiýewiç Öwezowa,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň müdiri Aýdogdy Açylowiç Rowşanowa,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Abadan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýewe,
Balkan welaýatyndan hususy atşynas Allaberdi Allaberdiýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.