27-nji aprelda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir.
Türkmenistanyň howa flotunyň maddy-tehniki binýadynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklaryny doly peýdalanmaga gönükdirilendir. Munuň özi Diýarymyzyň yklym derejeli iri üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornuny pugtalandyrýar, halkara söwdany ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollarynyň” Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Airbus A330-200P2F” kysymly uçarlary satyn alandygyny bellemek gerek. Pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, şunuň ýaly häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ugurdaky islegi kanagatlandyrmaga, howa ýük gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga hem-de hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berer.
Bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir. Uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň elektron enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa floty dünýäniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen uçarlary özünde jemleýär. Soňky ýyllarda milli raýat awiasiýasynyň häzirki zaman uçarlaryny ulanmakda ýokary hünär we ussatlyk derejesine ýetildi. Uçarmanlary, howa gatnawlaryny guramak, howa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işgärleri taýýarlamak maksady bilen, gysga möhletli okuwlar we tejribelikler guralýar. “Airbus A330-200P2F” ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň häzirki zaman meýilleri, halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň tehniki üpjünçiligi howa gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge, halkara ýük gatnaw ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýük gatnawlary ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipeleri durmuşa geçirilip, Türkmenistanda halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ulag hyzmatlarynyň ýokary derejesini hödürlemek bilen, olaryň ygtybarlylygy üpjün edilýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl-de, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginlerde ösýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň howa ulaglary pudagynyň işgärleri ýolagçy we ýük gatnawlary boýunça tabşyryklary üstünlikli berjaý edýärler. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň giňeldilmegini, pudagyň iň täze enjamlar, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilmegini, häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagyny, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň medeniýetiniň we hiliniň, uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Ulag ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi bu öňdengörüjilikli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda, häzirki wagtda täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda uly kuwwata eýedir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly multimodal üstaşyr ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Şeýle düzümleriň bolmagy sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň howa flotunyň üstüniň Ýewropada öndürilen howa ulaglary bilen ýetirilmegi diňe bir howa ýük gatnawlaryna barha artýan islegleriň kanagatlandyrylmagyna ýardam etmän, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm goşant bolar. Milli howa flotunyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri açar.
Dabara gatnaşýan ýurdumyzyň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýändigi, howa menzilleriniň hem-de howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygy, uçarmanlary, ýerüsti hyzmat ediş işgärlerini taýýarlamak boýunça halkara ülňüleri berk berjaý edýändigi nygtaldy. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Raýat Awiasiýasy Guramasy, şeýle hem Awiahowpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň hünärmenleri bilen bilelikde, howa menzillerini hem-de howa hereketini dolandyrmagyň ähli ugurlary boýunça işler alnyp barylýar. Awiahowpsuzlygyň, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ülňülerini peýdalanmagyň öňdebaryjy dünýä tejribesi boýunça duşuşyklar we geňeşmeler meýilnamalaýyn esasda geçirilýär.
Milli däp-dessurlara görä, ýaşuly nesliň wekilleri Aşgabadyň Halkara howa menziline nobatdaky ýük uçarynyň gelip gonmagy mynasybetli dessurlary berjaý etdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gülläp ösmegini dileg etdiler.