“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ýaş nesilleriň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, şeýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etmek hem-de olaryň öz täze döreden goşgularyny okatmak şeýle hem ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» şygar astynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň gurnamagynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.