WETERANLARYŇ EDERMENLIGI-WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherleri we obalary ösýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Türkmenistanlylaryň netijeli zähmeti we döwrebap dynç alşy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Uruş weteranlary we ýaşulular bilen geçirilýän duşuşyklaryň uly ruhy täsiri bar. Bu çäreler halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryň baý taryhyna, medeniýetine has giňişleýin göz ýetirmäge, nesilleriň arabaglanyşygyny, eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrunda taglymlaryň we jogapkärçiligiň dowamatlylygyny berkitmäge ýardam berýär. Geçen urşuň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýup, ýaş nesilleri Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan derejede terbiýelemek ýaly asylly işde parahatçylygyň, asuda we bagtyýar durmuşyň gadyryna has doly düşünýäris. Bu dessur parzdyr we mukaddesdir. Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleriniň şanyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda baýramçylyk çäreleri, duşuşyklar, çeperçilik sergileri, döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary geçirilýär.

Türkmen halky ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr. Häzirki döwürde hem beýleki halklar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan türkmen halky üçin öz gahrymanlarynyň ýörelgeleri baş çelgi bolup durýar. Geçen uruş we onuň ýowuzlygy baradaky hakyda ählumumy hyzmatdaşlygyň bähbidine halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly güýje öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaşuly nesliň bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan Türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.

 

Bahar ORAZOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 980 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 1145 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI