BOKS BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY: BU GÜN ÖDÄÝEW BIRINJI, NURMUHAMMEDOW IKINJI GEZEK RINGE ÇYKAR

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynda bu gün ýene iki türkmen boksçysy ringe çykar. Has takygy, ýarymorta agram (63,5-67 kilogram) derejesinde çykyş edýän türkmenistanly türgen Saparmyrat Ödäýew ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda şwesiýaly Amin Adel Belalia bilen güýç synanyşar. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen, takmynan, sagat 19:15-de başlanar.

Özüniň ilkinji söweşinde kongoly Stewe Mbiýa Kulengulukany ýeňen, birinji orta agramda ýaryşa gatnaşýan türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow bolsa bu gün ýaryşdaky ikinji tutluşygyny geçirer. Ol ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda mawritaniýaly Merwen Kler bilen tutluşar. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen, takmynan, sagat 20:30-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary Türkmenistanyň çäginde «Матч Тв» we «Матч! Боец» rus teleýaýlymlary arkaly ýaýlyma berilýär.

*Bellik: Öňdäki söweşleriň wagtyndan öň tamamlanmagy netijesinde tutluşyklaryň wagtynyň öňe süýşmegi mümkin.