1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy Ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary bilen şatlyk şowhun bilen bellenilip geçilýär. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Şoňa görä-de, «Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar» ýylynda Ýeňiş gününi watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan aýdym-sazly dabaralar bilen garşylaýarys. Sergidir maslahatlary geçirip, tolgundyryjy duşuşyklary, gyzykly hem-de täsirli söhbetdeşlikleri gurnaýarys. Ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek babatda parasatly wesýetleri, öwüt-ündewleri bilen mynasyp goşant goşýan uruş weteranlaryna — agras hem salyhatly, parasatly hem mährem ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. 1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu urşuň pidasy boldy. Ýürek-bagry erediji bu gowgaly döwürde maşgalalar atalardan we enelerden, ogullardan we gyzlardan, doganlardan we uýalardan aýryldy. Şäherdir obalar ýer bilen ýegsan edilip, parahat durmuşa, dünýä ykdysadyýetine, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň ösüşine uly zarba uruldy. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Merdana watandaşlarymyz geljekki nesilleriň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezip, Gahryman adyna mynasyp boldular, ordendir medallar bilen sylaglandylar. Örän elhenç uruş ýyllarynda türkmenistanly zähmetkeşler, zenanlar, gojalar, çagalar Ýeňşe bolan ynam, durmuşa, Watana çäksiz söýgi bilen, tutanýerli we gaýratly zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Türkmenistanyň gelin-gyzlary Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan zähmetsöýerlik hem-de hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgelerimizi dabaralandyrdylar. Ýyllaryň, nesilleriň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahat, bagtyýar geljegi üçin şirin janlaryny gurban eden türkmenistanly gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» kitabynda, ot-ýalynly söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen gaýdyp gelen gaýduwsyz watandaşlarymyzyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar.
Rahman ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.