Üns beriň, BÄSLEŞIK!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we ýetişdirmekden ybaratdyr.

 

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

  • Ýaş terjimeçi dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (4-5 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime edip, 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
  • Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.
  • Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär, şeýle hem has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
  • Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

 

Habarlaşmak üçin,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy:

39-96-16, 39-96-21, 39-96-22.