29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň milli Liderimiz hökümet agzalaryna «Arkadagyň ajap eýýamy» atly täze çap edilen kitaby ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçeg birlikleriniň etalon standartlaryny üpjün etmek boýunça işi kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklaryny berkitmek, pudaklaýyn düzümleri täzeçil tehnologiýalary we kämil işläp taýýarlamalary ulanmagyň esasynda döwrebaplaşdyrmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Aşgabadyň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de täze desgalaryň degişli derejede ulanylyşyny üpjün etmegi tabşyrdy, pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçil usullaryň ulanylmagy netijesinde, ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamy, sanly tele we radio ýaýlymlaryň hereket edýändigini belledi. Telefon beketleriniň ulgamynyň ösdürilmegi giň zolakly Internete birikmek, maglumatlary ugratmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli abonent ulgamy yzygiderli ösýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaýlymlaryň tehniki taýdan ýokary hil derejesini üpjün etmek, Internet ulgamynyň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy boýunça zerur çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda, Haryt-çig mal biržasynda döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň harytlary satyn almak bilen baglanyşykly daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň täze görnüşi girizildi. Mundan başga-da, Senagat ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze görnüşlerini we eksporta niýetlenen önümleri çykarmaga gönükdirilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümlerini guramaçylykly geçirmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini üzül-kesil güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz boşan ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň we aralyk ekinleri ekmek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek işlerine gözegçiligi güýçlendirmegiň hem-de ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça köpugurly çäreleriň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen we özara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine ünsi çekip, Ýaponiýa bilen umumy gyzyklanmalara kybap gelýän özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine eýermek hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esaslanmak bilen, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili hökmünde Milli goşunymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygynyň hem-de amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliliginiň köp babatda degişli edaralar tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligine baglydygyny belledi we şunuň bilen baglylykda birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
01.07.2017ý.












