Çagalar sungat mekdeplerinde okatmagyň usulyýetiniň: intonasion — eşidiş gönükmeleri, eşidýän sesini, heňini aňynda özleşdirmek, nota boýunça owazlandyrmak, saz diktanty ýaly esasy dört gurluşy bardyr. Okatmak usulyýetiniň bu görnüşleri biribirleri bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň ählisi hem solfejio dersinde öňde goýlan esasy maksada ýetmäge we iş ýüzünde oňat netije gazanmaga ýardam berýär.
Nota seredip ýüz ugra okamak we saz diktantyny ýazmak okuwçynyň notany tiz okamak, eşiden notasyny ýazga geçirmek ukybyny ösdürmäge ýardam berýär. Solfejio dersinde eşidip derňew etmek işusuly arkaly okuwçylaryň eşiden heňini aňynda özleşdirip, söz bilen beýan etmek endikleri ösdürilýär.Netijede, diktant ýazylan mahaly eşidilen heň kagyz ýüzüne anyk we dürs ýerleşdirilýär
.Okuwçynyň saz sowadyny oňat özleşdirmeginde eşiden we gören nota ýazgysyny aňynda berkitmegi möhümdir. Diktant ýazylan mahaly bu iki arabaglanyşygyň berk bolmagy zerurdyr. Okuwçy gözi bilen gören nota ýazgysyny aňynda özleşdirmegi başarmalyýada gulagy bilen eşiden heňini göz öňüne getirip, şeýledeher bir gören notasyna içinden özbaşdak ses berip bilmelidir.Netijede, okuwçy eşiden her bir heňini owazlandyryp nota geçirip ýazyp biler.
Solfejio dersinde okuwçynyň eşiden heňini ýazga geçirmek we owazlandyrmak ukyby nota seredip gönükme aýdylanda ýada diktant ýazylan mahaly özleşdirilýär. Sapagyň gurluşynyň bu iki görnüşi biribiri bilen berkbaglanyşyklydyr. Ýöne nota seredip gönükme aýtmak ukyby ilkinji nobatda berkidilmelidir. Sebäbi, sapagyň bu gurluşy okuwçynyň nota aýtmak tejribesini artdyrýar we eşiden heňini nazaryýe tugrundan özleşdirýär. Sazy ýazga geçirmek okuwçy üçin kyndyr. Sebäbi, ol nazaryýet bilimine we nota seredip okamak ukybyna esaslanyp, eşiden heňini nota ýazgysyna geçirmelidir.
Çagalara harp ýazyp öwredilişi ýaly, okuwça hem diktant ýazmagy öwretmek üçin taýýarlyk gönükmeleri geçirilýär. Kämahal solfejio dersinde diktant ýazylmazyndan ozal, taýýarlyk gönükmeleri üçin wagt sarp edilmeýär. Diktant ýazyp başlamazyndan ozal, heň gönükmelerini dürli tonallyklara transponirlemek, notany göçürmek, dürli uzynlykly notalary ýazga geçirmek, dürli ýazmaça gönükmeleri ulanmak — çaganyň görüp ýatlamak ukybyny we eşidiş duýgularyny ösdürýär. Şeýlede okuwçynyň diktant ýazmagynda ýeňillik döredýär.
Okuwçynyň eşiden heňini ýazmak ukybynyň üstünde işlenen mahaly diňe ýerine ýetirilen kiçijik heň bölegini çalyp, diktant ýazdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýatdan öwrenilen sazy ýazmak,ýerine ýetirilen heňe dürli gurluşdaky garmoniki öwrümlerini ýazmak (hor partiýalarynyň seslerini,fortepiano sazandarlygyny we şuňa meňzeşler), özbaşdak döredijilik işlerini tabşyrmak peýdalydyr
.Sazy ýazmagyň üstünde işlemegiň esasy maksady okuwçynyň içki eşidişiniň we saz ýatkeşliginiň ösmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Içki eşidiş ukybynda okuwçy bir ýada birnäçe ses hataryny göz öňüne getirmegi başarýar. Saz eşidiş ukyby bar adam ilki başda eşiden sesine doly akyl ýetirmeýär,ýöne işiň dowamynda onuň aňy maksada okgunly bolup, eşiden sesine doly aň ýetirmegi başarýar.
Diktant ýazmagyň üstünde işlenende okuwçynyň saz döredijilik tejribesinde toplanan nazaryýet bilimi özleşdirilýär we berkidilýär. Diktant ýazylan mahaly goýberilýän ýalňyşlar okuwçynyň sazy dogry eşidip tejribede ýazyp bilmeýändigi we öz bilimini geregiçe peýdalanmaýandygy sebäpli bolýar. Şonuň üçin hem ýazuw işleri (diktant) okuwçynyň saz nazaryýet bilimini we tejribe ukybyny berkitmäge ýardam berýär
.Solfejio derslerini saz nazaryýet işleri bilen baglanyşdyrmak örän wajypdyr. Nazaryýet düşünjesi bilen eşidiş derňewiniň üstünde işlemek solfejio dersiniň ähli böleklerinde amala aşyrylýar.
Şeker ALLABAÝEWA,
Mary etrabyndaky çagalar sungat
mekdebiniň mugallymy.