BAŞLANGYÇ SYNP OKUWÇYLARYNA IŇLISDILINI ÖWRETMEGIŇ USULLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň daşary ýurt dilinde arassa ýazuwyny, erkin gürläp bilmeklerini gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde iňlis, rus dilleri giňişleýin öwredilýär. «Dil bilen dünýäni gezer» diýlişi ýaly, daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilmek bu günki gün döwrüň talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz:«Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir» diýip belleýär. Şunda geljegimiz bolan ýaş nesillere dünýä dillerini öwretmekde ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usuly okuw işine ornaşdyrylýar Başlangyç synplarda okuwçylara iňlis dilini öwredenimde olaryň herhaýsy bilen aýratynlykda işlemäge üns berýärin. Okuwçylara iňlis dili öwredilende innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak örän netijeli bolýar. Soňra okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýaryn. «What is the datetoday?» (Bu gün aýyň näçesi?), «What day is it today?» (Bu gün hepdäniň haýsy güni?) diýen sowallar bilen ýüzlenýärin.

Okuwçylara täze temany düşündirenimde okuw-görkezme esbaplaryny ulanmak has-da ähmiýetli bolýar. Bu usul temanyň okuwçylaryň ýadynda galmagyna ýardam edýär. Başlangyç synp okuwçylaryna iňlis dili sapagynda miweleriň, reňkleriň, öý haýwanlarynyň birnäçe görnüşini aýdýaryn, tema degişli şekiljikleri ulanýaryn. Soňra olaryň bilelikde gaýtalamaklaryny tabşyrýaryn. Mysal üçin, miwelerden—grape-üzüm, cherry-ülje, pear-armyt, strawberry-ýertudana, melon-gawun; reňklerden—yellow-sary, green-ýaşyl, brown-goňur, red-gyzyl, grey-çal, blue-gök; öýhaýwanlaryndan—camel-düýe, hen-towuk, cow-sygyr, duck-ördek, chicken-jüýje.Okuwçylara iňlis dilini öwredenimde hereket usulyny hem ulanýaryn.Mysal üçin, «To fly» (uçmak) diýen sözi öwredýän bolsam, guşuň ganatyny hereketlendirişi ýaly,ellerim bilen hereketlendirip görkezýärin.Şunda okuwçylar täsirlenip, sapagy uly höwes bilen diňleýärler. Soňra okuwçylaryň iňlis dilini özbaşdak öwrenmeklerini gazanmak maksadybilen dürli ýumuşlary tabşyrýaryn.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun,beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Aýgözel JÜTDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen

69-njy orta mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti 03.05.2023ý.

Meňzeş habarlar