RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ŞUGLASY

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz bu ugurda uly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip, adalatly belleýär. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň we döredip beren şertleriniň netijesinde watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän we täze ykdysady şertlerde işlemäge ukyply ýaşlar kemala geldi. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan bu ýyl olaryň ýiti zehinini, döredijilik başarnygyny, dürli ugurlar boýunça ukybyny doly derejede ýüze çykarmagyň özboluşly badalgasy bolar.

Ajaýyp zamanamyzda ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa mundan beýläkde durmuş- ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, şu ýylda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşleri gazanmakda örän uly wezipeler öňde durýar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Mugallymlaryň esasy wezipesi diňe bir öz okadýan dersini öwretmek bilen çäklenmän, talyplara türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri kemala getirmekden, ýagny öz Watanyny, ene topragyny söýýän, gujur-gaýraty bilen türkmeni dünýä tanadýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýaşlarda başarnyklary we endikleri kemala getirmek, ilkinji nobatda, dersi okadýan mugallymyň döredijilikli işine, başarnygyna we ukybyna, bilim derejesiniň ýokary bolmagyna bagly bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýaşlary hünärlere gönükdiriş işini amala aşyrmak, esasan, mugallymlaryň paýyna düşýär.

Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Güljahan GURBANOWA,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk

mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Mugallymlar gazeti 26.04.2023 ý.

Meňzeş habarlar