HALKARA BILIM HYZMATDAŞLYGY WE ÝAŞLARYŇ MÜMKINÇILIKLERI

XXI asyryň ösüş ýolunda halkara hyzmatdaşlygynda bilim aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bilim — döwrüň ösüşiniň möhüm sütüni, jemgyýetiň rowaçlygynyň berk binýady. Şonuň üçin hem, halkara bilim hyzmatdaşlygy günsaýyn ösýär. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyş-çalyş maksatnamalary, halkara maslahatlar, taslamalar, bilelikde alnyp barylýan ylmy barlaglar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürýär.

Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, halkara maksatnamalara gatnaşmagy olara dünýä tejribesini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, bilim ulgamynyň ösüşine täzeçe öwüşgin berýär. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly talyplaryň bilim almagy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýär.

Halkara bilim hyzmatdaşlygy ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyna, döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmegine ýol açýar. Olar diňe bir täze ylmy gazananlary öwrenmän, eýsem, dürli medeniýetler bilen tanyşýarlar, dostluk köprülerini gurýarlar. Bu bolsa geljekde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berk binýadyny emele getirýär.

Guwanç DÖWRANOW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň pedagogika kafedrasynyň mugallymy.