Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Aýsoltan Annamämmedowa 20 – 22-nji noýabr aralygynda Stambul (Türkiýe) şäherinde geçirilen «Future Skills Sprint» atly halkara bilim başlangyjynyň çäklerindäki okuwlara gatnaşdy.
«MEXT» Tehnologiýalar merkezi, BMGÖM-niň Stambuldaky Sebitleýin merkezi (UNDP IRH), Türkiýedäki BMGÖM, «Hepsiburada» türk kompaniýasy bilen bilelikde dünýäniň dürli ýurtlarynyň zehinli ýaşlary üçin niýetlenilen iri möçberli çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Çäräniň maksady hünär başarnyklaryny ösdürmekden, sanly tehnologiýalar barada bilimleri giňeltmekden we talyp ýaşlaryň innowasion pikirlenişlerini goldamakdan ybaratdyr.
Aýsoltan Türkiýede üç günlük bilim maksatnamasyna gatnaşmaga hukugy BMGÖM-niň Stambuldaky Sebitleýin merkezi tarapyndan geçirilen onlaýn-okuwlary üstünlikli geçmeginiň netijesinde gazandy. Bu okuw oňa gatnaşyjylara öňdebaryjy halkara tejribelerine eýe bolmaga, toplumlaýyn başarnyklary ele almaga hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda ukyplaryňy ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Stambulda talyplar üçin bilim çäresi häzirki zaman tehnologiýalaryna, emeli aň bilen işlemek başarnyklaryna, sanly ykdysadyýete, zähmet bazarynyň geljegine we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanylan mazmunly mejlisleri özünde jemledi.
Okuwlar köp babatda halkara tejribesini öwrenmäge, hünär başarnyklarynyň kemala gelmegine, ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliginiň açylmagyna, talyplaryň döwrebap pikirleri hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda innowasion taslamalary döretmäge höweslerini artdyrmaga ýardam etdi.
Türkmen uniwersitetiniň talyby halkara bilim çäresine gyzyklanma bildirip işjeň gatnaşdy. Bu bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň ylymlaryň we bilimleriň dürli ugurlarynda yzygiderli ösmäge ygrarlydygyny görkezdi.
turkmenistan.gov.tm












