1-17-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy Ýaponiýanyň Nanolukmançylyk innowasion merkezinde (ICONM) hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýär.
Bu sapar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Kawasaki senagat ösüşi institutynyň Nanolukmançylyk innowasion merkeziniň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda guraldy.
Okuw saparynyň maksady esasy alymlaryň ylmy-barlaglary bilen tanyşmakdan, öňdebaryjy bilimleri we ylmy tejribäni özleşdirmekden, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak üçin pikirleri alyşmakdan, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.
Hünär ýokarlandyryş okuwynyň maksatnamasy mugallymlaryň nanotehnologiýalar, nanolukmançylyk we nanoserişdeler ulgamynda işläp taýýarlamalar alnyp barylýan dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan ICONM-iň binýadynda ýörite okuw maksatnamalary boýunça bilim çärelerine gatnaşmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmen mugallymlarynyň bilim maksatnamalaryna gatnaşmagy olara häzirki zaman ylmynda iň täze usullary özlerşdirmäge, öňdebaryjy ylmy çemeleşmeler bilen tanyşmaga hem-de ýapon hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da türkmen mugallymlarynyň Ýaponiýa sapary dünýäniň iň oňat tejribesini ornaşdyrmak we okatmagyň innowasion usulyýetlerini peýdalanmak bilen geljekki inženerleri taýýarlamak arkaly ýurduň ýokary biliminiň hilini artdyrmaga uly goşant bolar.
turkmenistan.gov.tm