Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürde-de halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy meselesi bolupdyr. Çünki terbiýeli nesil Watanyň şöhratydyr, röwşen geljegimizdir. Bu babatda halkymyz milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, milli terbiýe mekdebini döredipdirler.
Ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen terbiýe mekdebiniň özeninde milli ruhy gymmatlyklar, watansöýüjilik ýaly asylly ýörelgeler bar. Bu günki günde ýaşlary terbiýelemek, jemgyýete wepaly,zähmetsöýer, döwrüň ösen innowasion enjamlaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Bu günki ýaş nesiller biziň geljegimizdir, belent maksatlary durmuşa geçirjek geljekki hünärmenlerdir. Geljekde döwletimiziň ösüşleri, jemgyýetimiziň sagdynlygy şu günki ýaşlara berýän terbiýämize bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz nesil terbiýesini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe çykaryp, ýaş raýatlarymyza aýratyn üns berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklere düşünýärler, üns aladany ýakyndan duýýarlar. Ýaş nesliň terbiýe meselesiniň nähili wajypdygyny hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär:
«Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgertmelere, dürli jemgyýetçilik çärelerine ýaş nesilleriň işjeň gatnaşdyrylmagy, telekeçilik işlerine giňden çekilmegi döwrebap terbiýäniň esasy ugurlary hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu çärelere gatnaşýan bagtyýar ýaşlarda ýurdumyzyň
syýasy jemgyýetçilik durmuşyna gyzyklanmany, ylym-bilim öwrenmäge höwesi görmek bolýar. Munuň özi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine, sagdyn, kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesil watançylyk ruhunda terbiýelenýär. Olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulnabat BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti.24.04.2023ý.