OKATMAGYŇ USULLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Häzirki döwürde ýaşlara bilim bermek, olaryň kämil hünärmenler bolmagyny gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Şunda okuw işleriniň guralyşy, sapak geçmek, sapakda temalary düşündirmek ýaly ugurlara üns berilýär. Munuň özi sapagy guramaçylykly alyp barmak, döwrebap usullardan peýdalanmak bilen berk baglanyşyklydyr. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Olardan umumy okuwlar, aýry-aýry temalarda, meseleler boýunça maslahat görnüşinde sapaklary guramak, ýagdaýlary seljermek esasynda we onuň netijesini referat görnüşinde taýýarlamak, işjeň oýunlar, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak peýdalydyr. Umumybilim berýän orta mekdeplerde sapak guralanda okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek mugallymyň sapagy täsirli alyp barmagynyň möhüm şertidir.

Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýöredilýän bilim syýasatynyň özeninde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn, estetiki duýgulara baý, saýlap alan kärine doly erk edip bilýän ukyply, Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine saldamly goşant goşup biljek, zähmeti söýýän şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy meseleleriň biridir.

Ylym-bilimiň ösen döwründe sapak geçmegiň döwrebap usullary ulanylyp, sanly ulgamyň, kompýuter enjamlarynyň, multimedia tagtalarynyň kömeginden peýdalanylýar. Ol geçilýän temanyň okuwçy tarapyndan oňat we tiz özleşdirilmegine, düşünilmegine ýardam edýär. Bu bolsa okuwçylaryň gerek maglumatlary tiz öwrenip bilýändigini, gözýetimini giňeldýändigini görkezýär.

Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ylmy maglumatlary we okatmagyň döwrebap usullaryny maglumatlardan öwrenmek hem-de tejribede peýdalanmak bolsa oňat netijesini berýär. Sapaklary döwrebap we netijeli guramakda ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak ähmiýetlidir. Bu döwrebap usullary sapaklarda peýdalanmak, täzeçe pikirleri, düşünjeleri baýlaşdyrmakda ýardamyny berýär.

Häzirki ösen döwrümizde okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär. Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen ýaş nesliň oňat bilim almagy üpjün edilýär. Döwletimiziň mekdep okuwçylary baradaky aladasy öz netijesini berýär. Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilim işgärleriniň döredijiligini artdyrýar. Bilim ulgamyny täze üstünliklere ýetirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Aýjemal ALTYÝEWA,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk

mekdebiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 17.04.2023ý.

Meňzeş habarlar