DILIM BAR — DÜNÝÄM BAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara mahsus bolan hem-de ata­babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik hünärmene saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.

Bu gün türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hili, mazmuny döwrüň talabyna görä has-da kämilleşdirilýär. Olara daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge örän uly üns berilýär. Muňa ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi aýdyň delildir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek dürli medeniýetleriň arabaglanyşygyny guramakda uly orny eýeleýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek, dünýä tejribesine laýyklykda, okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegini gazanmak, olaryň öwredilişiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojagymyzda birnäçe işler ýola goýuldy.

Okatmakda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti kämilleşdirilýär we okatmagyň häzirki zaman usullarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly dürli temalar boýunça ylmyamaly maslahatlar, festiwallar, bäsleşikler, ylmy çykyşlar taýýarlanylýar. Talyplaryň dil medeniýetini ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýänleriň sanyny artdyrmak, hünärini daşary ýurt diliniň üsti bilen çuňlaşdyrmak maksady bilen, olar hünärleri boýunça ylmy işlerini iňlis dilinde gürrüň bermek hem-de prezentasiýa arkaly beýan edýärler. Daşary ýurt dilini öwrenmek ruhy-ahlak we logiki pikirlenişi ösdürýär, ýatkeşlige uly täsir edýär, dünýägaraýşyňy giňeldýär hem-de umumy medeniýeti ýokarlandyrýar.

Dili özleşdirmegiň dowamynda hünärmen nazaryýet bilimleri hem-de okuw-guramaçylyk, okuw-aňyýet, okuw-maglumat, okuw-aragatnaşyk başarnyklaryny kämilleşdirýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek şahsyýetiň ruhy taýdan kemala gelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilikleriň döredilýändigini kesgitleýär.

 

Gülşirin OTUZOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

konserwatoriýasynyň uly mugallymy.

Mugallymlar gazeti. 17.04.2023ý.

Meňzeş habarlar