Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sowatly, bilimli, watansöýüji, edepli-terbiýeli, päk ahlakly, ilgününe haýyrly, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşup biljek ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilimiň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Türkmen milli oýunlary çagalaryň sagdyn ösmegine, bedeniniň berkemegine, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine özüniň uly täsirini ýetirýär. Biz körpeleriň ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutup, olar bilen gezelençlerde türkmen milli oýunlarynyň, hereketli oýunlaryň dürli görnüşlerini guraýarys.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli oýunlarynyň, hereketli oýunlaryň çagalaryň saglygyny berkitmekde, sözleýiş dilini ösdürmekde, söz baýlygyny artdyrmakda, gözýetimini giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr. Körpeler «Guba gazlar» atly oýny uly höwes bilen oýnaýarlar. Bu oýny möwsüme laýyklykda sport meýdançasynda ýa-da bedenterbiýe otagynda guramak bolýar. Oýna 10-dan 25-e çenli çaga gatnaşyp bilýär.
Şeýle hem türkmen milli oýny bolan «Aýterek-günterek» oýnuny oýnatmak bolar. Bu oýun çagalarda dostlugy terbiýelemek bilen bir hatarda söz baýlygyny hem artdyrýar. Şeýle hem olar sanawaçlaryň üsti bilen ýatkeşligini berkidýärler. Bu oýunda şeýle sanawaçlar getirilýär:
Aýterek-günterek!
Bizden size kim gerek?
Saýrap duran dil gerek.
Dilleriň haýsy gerek?
Şeýle hem bu oýunda çagalar hereket edýärler. Bu bolsa olaryň sagdynlygyna, sagdyn ösmegine oňat ýardam edýär.
Mekdebe çenli ýaşly döwürde dürli mazmundaky oýunlar çaganyň durmuşynda uly orun tutýar. Çaga öz ýanyndan oýnap oturan ýalydyr, ýöne şol bir wagtyň özünde ol oýnuň üsti bilen geljekde ýatkeşliginiň, bilesigelijiliginiň ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, söz baýlygynyň ösmegine itergi berjek ummasyz maglumaty kabul edýär. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň, terbiýeçileriniň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Bu günki ýaşlar geljekde Watanymyzyň ykbaly ynanyljak nesillerdir.
Parahat ýurdumyzda bagtyýar nesliň erkana ösmegi, bilimli-sowatly, aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Bahargül BEKOWA,
Gökdepe etrabyndaky 5-nji çagalar
bagynyň terbiýeçisi.