Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ençeme akyldarlary, şahyrlary, alymlary görmek bolýar. Bu akyldarlaryň miras goýan eserleri, gymmatly ylmy pikirleri edebiýatçy we dilçi alymlar tarapyndan düýpli öwrenilýär, wagyz edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatlyklar ylmy nukdaýnazardan öwrenilýär.
Gadym döwürlerden şu günlere çenli türkmen halky ylym-bilime belent sarpa goýupdyr. Şonuň üçin şöhratly taryhymyzda ençeme golýazma eserler döredilipdir, taryhy kitaplar şu günlerimize ýetip gelipdir. Ylym-bilime, onuň ynsan durmuşynda tutýan ornuna ata-babalarymyzyň döwründe-de ýokary baha beripdirler. Bu babatda «Bir okana bar, birem dokana», «Okan il ozar, okamadyk il tozar», «Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimli — müňini» diýen ýaly birnäçe nakyllar, parasatly sözler türkmen halkynyň geçmişde ylma-bilime uly ähmiýet berendigini görkezýär.
Gündogar edebiýatynyň görnükli şahyry Ýusup Balasagunly XI asyra degişli bolan meşhur «Kutadgubilig» («Bagt getiriji bilim») poemasynda ylym-bilim barada gymmatly pikirleri öňe sürýär. Türki halklaryň diline we edebiýatyna degişli bu ýazuw ýadygärligi wagt synagyndan üstünlikli geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ylym-bilim adamyň ýoluny ýagtyldýar. Ýusup Balasagunly alymlara uly hormat goýup, olaryň ylmyndan ýetdik paýyňy almagy sargyt edýär:
Olardyr dogryny mydama oňlan,
Ölçerip hem seçip, göni ýol saýlan,
Olaryň bilminden al ýetdik paýyň,
Olary sylagla, ýetir serpaýyn.
Görnüşi ýaly, ol alymlardan bilim almagy asylly ýol hökmünde beýan edýär. Şeýle hem eserde alymlaryň sarpasynyň belent tutulmalydygy, olaryň ylym eýeleridigi beýan edilýär.
Şeýle hem Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserini aýratyn bellemek bolar. Bu ajaýyp eserde hem ylym barada paýhasly pikirler beýan edilýär. Mesnewi görnüşinde ýazylan bu eser akyldaryň dana pikirlerini özünde jemleýär. Onuň «Ylym we alymlar hakda» bölüminde ylma we onuň durmuşdaky ornuna ýokary baha berilýär. Döwletmämmet Azady, esasan, ylmyň, ylym esasynda amal etmegiň, yhlasyň zerurdygy hakynda düşündirýär. Şonuň üçin hem bu ajaýyp eserde sowat öwrenmek, ylymly bolmak hakynda gymmatly pikirler beýan edilýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlar ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Türkmen halkynyň ylym-bilim ýörelgesini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.
Mugallymlar gazeti.05.03.2023ý.