BAŞLANGYÇ SYNP OKUWÇYLARYNA ASYL SÖZLERI ÖWRETMEK

Okuwçylara bilim we terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli wezipe mugallymlara degişli bolup durýar. Bu işleri mugallym guraýan sapaklarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Şonuň üçin-de sapaklarymyzy netijeli guramaga, öwredýän her bir temamyzy täsirli usulda okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýarys. Muňa, esasan, hem, ene dili öwredilende aýratyn üns berilýär. Türkmen dili sapagynda olaryň dogry, çalt, labyzly okamagy, edebi diliň kadalaryna laýyklykda gepläp, dogry ýazyp bilmegi, özbaşdak pikirlenmek endikleri kemala getirilýär.

Başlangyç synplarda okuwçylara ene dilinde ýazuw düzgünleri, atlar, sypatlar öwredilýär. Ynha, 3-nji synpda türkmen dili sapagynda «Asyl söz we goşulmalar» atly tema geçilýär. Şunda okuwçylaryň asyl söze we goşulmalara düşünmeklerini gazanmak üçin dürli usullardan peýdalanýaryn.

Okuwçylara asyl söz hakynda okuw kitabynda berlen kesgitleme bilen düşündirýärin. Okuw kitabynda «Sözleriň özbaşdak many aňladýan bölegine asyl söz diýilýär. Özbaşdak many aňlatmaýan bölegine goşulma diýilýär» diýen kesgitleme bar. Bu kesgitlemäni mysallar arkaly berkidýärin. Multimedia tagtasynda birnäçe sözler ýazylan prezentasiýany görkezýärin. Mysal üçin:

Iş+le: «Iş» asyl söz, «-le» goşulma; Ädik+çi: «Ädik» asyl söz, «-çi» goşulma;

Pagta+çy: «Pagta» asyl söz, «-çy» goşulma;

Duz+ly; «Duz» asyl söz, «-ly» goşulma;

El+lik; «El» asyl söz, «-lik» goşulma.

Multimedia tagtasynda ýazylan bu sözleri we goşulmalary okuwçylara okadýaryn, olaryň bu baradaky düşünjelerini mysallar arkaly berkidýärin. Okuwçylaryň asyl söze we goşulma baradaky düşünjesini barlamak üçin özbaşdak bir söz ýazmagy we ondan asyl sözi, goşulmany görkezmegi tabşyrýaryn. Şeýlelikde, okuwçyda bu barada düşünje emele gelýär, özbaşdak sözleri ýazyp, olardan asyl sözi, goşulmany tapmagy başarýar.

Okuwçylaryň düşünjesini ösdürmek üçin okuw kitabynda görkezilen gönükmeleri işledýärin. Gönükmede birnäçe sözler bar. Şol sözleri okuwçylar depderlerine göçürenlerinde asyl söz bilen goşulmanyň arasynda goşmak goýýarlar. Bu gönükmäniň başyny okuwçylar bilen bilelikde işleýäris. Olara aşakdaky nusgany multimedia tagtada görkezýärin:

Suw + çy, suw + uň

Okuwçylar gönükmäni bu nusgadaky ýaly dowam edýärler. Şeýlelikde, olar asyl söze we goşulma aýdyň düşünýärler, gönükmeleri özbaşdak işlemegi başarýarlar.

Temany berkitmek üçin okuw kitabyndan başga sözlemleri okadýaryn. Şonda hem okuwçylar ilki okaýarlar, soňra gara ýazylan sözleri depderlerine göçürýärler. Bu sözlerden hem asyl sözi, goşulmany goşmak belgisi bilen görkezip ýazýarlar. Tekst üstünde işlemek okuwçynyň pikirini ösdürýär, olar okaýarlar, asyl sözi, goşulmany sözleriň içinden tapýarlar. Şonuň üçin hem okuwçylar berýän sowallarymyň üsti bilen tekstiň mazmunyny beýan edip, asyl söz hem-de goşulma hakynda düşündirmegi başarýarlar.

Guraýan sapaklarymda türkmen halk döredijiliginden peýdalanýaryn. Nakyllardyr matallardan, ertekilerden peýdalanyp, okuwçylara türkmen diliniň sözlere baýdygyny, her bir sözi manysy bilen öwrenmelidigini düşündirýärin. Sapagyň ahyrynda okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys. Şeýdip olaryň tema düşünmeklerini gazanýaryn.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, bagtyýar ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Laçyn MUHADOWA,

Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Mugallymlar gazeti.05.03.2023ý.

Meňzeş habarlar