Şu gün Türkmenistan Watanymyzyň her bir künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim bölüminiň agzybir işgärleriniň hem-de hormatly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda “Näbelli esger” ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň yzysüre Hormatly Prezidentimiziň “Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýen sözlerinden ugur alyp Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli “Gahrymanlar unudylmaýar” ady bilen aýdym-sazly dabaraly duşuşyk geçirildi.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.