9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly, bu çakylyk iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýunynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmeginiň ähli ugurdaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.
Iki ýurduň arasynda däp bolan dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Şonuň esasynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýär. Ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş umumy taryhyň möhüm sahypalarynyň biri bolup durýar. Ol söweş meýdanlarynda egin-egne berip, mertlerçe söweşen we geljek nesilleriň parahatçylykly, bagtyýar durmuşyny goran köp sanly halklaryň umumy mirasydyr we buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan bu gezekki dabaralara gatnaşmagynyň häzirki nesliň hakydasynda baky saklanan azat edijileriň edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini bellemek gerek.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
...Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň “Wnukowo-2” howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi adamlar garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň “Tugraly” zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar.
Onlarça ýylyň geçendigine garamazdan, Watan goragyna giden gahrymanlaryň edermenligi nesilleriň hakydalarynda we ýüreklerinde hemişelik orun aldy. Olar Watan goragçylarynyň batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Bu nurana bahar günleri weteranlaryň orden-medallarynyň şyňňyrdysyna beslenip, gussaly hem-de buýsançly baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Onýyllyklar geçse-de, şol gazaply uruş ýyllarynda çekilen agyr ýitgileriň yzasy duýulýar. Dünýä halklary, şol sanda türkmen halky hem agyr ýatlamalary kalplarynda göterýär.
Ýeňşe bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny faşizme garşy beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bilelikde söweşmäge jebisleşdirdi. Onda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň beýik nusgasy görkezildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi.
2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Sowet esgerleriniň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Watan ugrundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetiren Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” medaly “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hemişelik saklamak üçin berildi. Munuň özi türkmen halkynyň umumy Ýeňşiň hormatyna çeken kynçylyklarynyň taryhy hakydasyna öwrüldi.
2010-njy ýylda bolsa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan dabaraly harby ýörişe diňe bir Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň däl, eýsem, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply söweşlerine gatnaşan beýleki halklaryň hem harby gullukçylary gatnaşdylar. Söweş meýdanlarynda bolşy ýaly, tylda hem edermenlik görkezen Türkmenistan Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Dabaraly harby ýörişe ýurdumyzyň Hormat garawuly rotalarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Şonda Gyrat atly ahalteke bedewine atlanan türkmen ýigidi esgerleriň dabaraly ýörişiniň öňüni çekdi. Bu bedewiň türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň aty bilen atdaş bolmagynda çuňňur many bar. Taryhdan belli bolşy ýaly, Sowet Soýuzynyň marşaly Georgiý Žukow 1945-nji ýylda Arap atly ahalteke bedewinde ilkinji Ýeňiş ýörişini kabul etdi.
Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köp asyrlaryň dowamynda gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dostlaryna, ýakyn hemralaryna öwrüldiler. Ikinji jahan urşy ýyllarynda 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredildi. Olaryň esgerleri iň bir gazaply söweşlere gatnaşyp, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Gaýduwsyz atly ýigitler Stalingraddan Berline çenli bolan söweş ýoluny geçdiler. Olaryň köpüsi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandylar. 78 ýylyň geçendigine garamazdan, şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy, watandaşlarymyza bolan buýsançly ýatlamalar ýüreklerimizde hemişelik orun aldy.
Bu gün şol gazaply uruşda Beýik Ýeňşi gazanan weteranlary hormatlaýarys, olaryň edermenliginiň öňünde baş egýäris. Weteranlar mähriban topragymyzy faşizmden azat etmek ugrunda janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Beýik Ýeňşiň hormatyna baş goýan edermen esgerler, olaryň hatarynda mertlerçe söweşen türkmen topragynyň edermen ogullary hakyndaky hakydanyň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär.
Soňra şanly sene mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdanynda şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgesini dowam etdirýän harby gullukçylaryň dabaraly ýörişi boldy. Olar özlerine bildirilen hormata buýsanyp, dabara gatnaşyjylaryň öňünden belent ruh bilen geçdiler.
Köpýyllyk taryhyň dowamynda Ýeňiş baýramy birnäçe dessurlary we nyşanlary özünde jemledi. Olar şu günler hem dürli nesilleri we halklary baglanyşdyrýan nurana, şol bir wagtyň özünde-de, gussaly baýramyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.
Gussaly saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda “Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy” derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular. Esgerler hem olaryň göreldesine eýerdiler.
Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Baky oda gül goýdy. Gyzyl gülleriň reňki Ýeňiş baýdagynyň, söweş meýdanlarynda dökülen ganyň reňki bilen sazlaşygy emele getirýär. Şeýlelikde, gyzyl güller geçen asyryň iň gazaply urşunda wepat bolanlar hakyndaky nurana hakydanyň nyşanyna öwrülýär.
Toplumyň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly harby ýöriş bilen geçip gidýärler.
Türkmenistanda hem Russiýada bolşy ýaly, söweş meýdanlarynda janlaryny gaýgyrman, gaýduwsyzlyk bilen söweşen esgerleriň hatyrasy belentde tutulýar. Tylda zähmet çekenler, urşuň yzynda galan zenanlar-da aýratyn hormata mynasypdyrlar. Olar hernäçe agyr hem bolsa, uzak garaşylan Ýeňşiň gazanylmagy ugrunda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmadylar. “Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin!” diýen şygar adamlaryň hakydasynda hemişelik galdy. Eneler, gelin-gyzlar we çagalar tylda janlaryny aýaman zähmet çekdiler. Türkmenistanyň çäklerinde senagat edaralary gije-gündiz işledi, harby hassahanalar ýaýbaňlandyryldy. Köp sanly okuw edaralary biziň ýurdumyza göçürildi we oba hojalyk önümçiligi ep-esli artdyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 12 ýaşynda — 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny döredýär. Metbugat sahypasynda çap edilen goşgy setirlerinde ýetginjek oglanyň Ýeňşiň hormatyna yhlasly zähmet çekmäge bolan çagyryşy duýulýar.
Uruş ýyllarynda türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna 7 müň 400 kilograma golaý altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyrmagy ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň baky nusgasyna öwrüldi. Adamzadyň taryhynda iň bir gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglandylar. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa “Gahryman” diýen belent derejä mynasyp boldular.
Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň atlary watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän “Hatyra” hem-de “Şöhrat” atly neşirlerde ebedileşdirildi.
Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan gahrymanlary sarpalamak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň biri bolup durýar. Uruş weteranlaryny we şol ýyllarda yhlasly zähmet çekenleri mynasyp durmuş derejesi bilen üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Weteranlar, tylda zähmet çekenler we urşuň yzynda galan zenanlar üçin durmuş ýeňillikleri döredildi we olar üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Her ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary we sowgatlar gowşurylýar.
1945-nji ýylda gaýduwsyz söweşenleriň hormatyna Ýeňiş feýerwerki atylan we Ikinji jahan urşunda biziň bagtyýar we abadan durmuşymyz ugrunda söweşen harby gullukçylaryň hatary barha azalýar. Şeýle-de bolsa, ak sakgally gojalar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ýaş nesilleriň watansöýüjilik, Watana wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň söweşjeň, zähmet edermenligi Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili boldy.
Urşuň öňüniň alynmagy we parahatçylykly durmuşyň ähmiýeti hakynda dünýä halklaryna gönükdirilýän çagyryş Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen bir bitewi sazlaşygy ýüze çykarýar. Munuň özi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň binýadyny emele getirýär.
Şeýlelikde, giňden dabaralandyrylan Ýeňiş güni nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň “Wnukowo-2” howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.