Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her güni täze üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Ýaşlarda güýç-kuwwat bar.Olary ene-mamalarymyzdan miras galan millilikler,şol sandaGahryman Arkadagymyzyň kämil eserleri bilen terbiýelemek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan sagdyn bolmagyna,ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine uly ähmiýet beripdir. Hormatly Prezidentimizýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin yzygiderli alada edýär. Aýratyn hem, okuwçylaryň mekdep partasyndan başlap,eli hünärli bolmagy ugrunda tagalla edilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän zähmet we gurnak sapaklarynyň uly ähmiýeti bar. Bu sapaklarda okuwçy gyzlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyklaryny gazanmakda, el işleriniň inçeligine, nepisligine, olaryň gadymylygyna, milliligine bolan ukypdyr zehinini, başarnygyny açyp görkezmekde, çeper elli gyzlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Mekdeplerde dürli zähmet gurallary, tikin maşynlary bilen gurnalan ýörite synp otaglary bar. Gyzlar4 — 6-njy synplarda depjemek,köklemek, keşde gaýamak, haly dokamak, köýnek tikmek ýaly el işlerini öwrenýärler. Ýaşlaryň terbiýesinde millilige bolan buýsanç duýgusyny döretmek mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar.
Öýde tiken tikinlerini, elişlerini, ilki ejelerine görkezmäge çalyşýan gyzlar, mekdebe baryp, gurnak mugallymlaryna hem görkezmäge howlugýarlar.Şeýle okuwçy gyzlarymyza: «Senmeniň öwredişim ýaly edipsiňä.Berekella, sen keşdäni basym öwrenjek» diýip, berekellasyny ýetirýäris. Munuň özi olaryň indiki el işlerine has yhlasly bolmagyna ýardam edýär
.Umumy bilim berýän mekdepleriň 4 — 6-njy synplarynda okaýan gyzlaryň el işleri kiçeňräk muzeýi ýadyňa salýar.Ýakasy keşdelenen dürli milli köýnekler, gurama we haly önümleri, örüm işleri olaryň her birinde ýaşajyk tikinçileriň yhlasy bar.
Zähmet otagymyzda her bir gurnak üçin gerek bolan gurallaryň döwrebap görnüşleri bar. Okuwçy gyzlar aşpezligi, haly dokamagy, tikinçiligi,örüm işlerini, milli nagyşlary keşdelemegi uly höwes bilen öwrenýärler.
Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta
mekdebiň mugallymy.
MUGALLYMLAR GAZETI № 40(10168).