21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Mejlisiň deputatlarynyň adyndan hoşallygyny beýan edip, bildirilen ynamy ödemek we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisde Serbiýa Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň hem-de “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” atly ylmy-amaly maslahatyň netijeleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli parlamentiň alyp barýan işlerine ünsi çekdi we kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda fiziki we ýuridik şahslara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda bu ugruň ösdürilmegine we ätiýaçlandyryş bazaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça hereket edýän namalaryň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegine uly üns berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, birnäçe ugurdaş desgalaryň durkuny täzelemek we inženerçilik-tehniki düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy, şol sanda gaýtadan işleýän pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde bu pudagyň kärhanalarynyň ýokary netijeli işini üpjün etmek, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän görnüşlerini artdyrmak ýaly täze möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek we otag işleri dowam edýär.
Şeýle hem welaýatlarda bugdaýa ideg etmek işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy habar berildi. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, orakda ulanyljak kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny we awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bugdaýa, gowaça ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamada bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmak ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraýan her ýylky sergisiniň esasy maksadydyr.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, keşbinde milli binagärlik däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýan Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan bu halkara serginiň we beýleki dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak, Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlarda bolşy ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçiriljek çäreleriň ýurdumyzyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy hem-de agzalan çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlary we şanly seneleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ähmiýetini belledi hem-de hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli şu ýylyň 12-13-nji iýunynda geçiriljek “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlaryň we professorlaryň gatnaşmagynda geçirjek halkara maslahatynyň çäklerinde häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem sanly ykdysadyýeti, ekologiýany, saglygy goraýşy we derman senagatyny, logistikany, suw diplomatiýasyny, oba hojalygyny, nebitgaz pudagyny, nanotehnologiýalary, energetikany, ynsanperwer ylymlary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäde bolup geçýän ösüşleriň esasy bolan ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatlaryň tejribe alyşmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmyny giňden tanatmaga, onuň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýändigini belläp, ylmyň we tehnikanyň dürli ugurlarynda düýpli we amaly barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam berjek bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra wise-premýer şu ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolan bu abraýly ýaryşyň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew türkmen wekiliýetiniň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» atly XIV halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda, ykdysady, ylmy, tehniki, durmuş, maýa goýum we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen hem-de iri senagat önümlerini öndürijileriň, ulag boýunça dürli döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň, ulag-logistika assosiasiýalarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara çärede türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklara we çärelere gatnaşdy, şeýle hem bu çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň milli sergi pawilýony gurnaldy.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy we ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny görkezýän milli sergi pawilýony çärä gatnaşyjylaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. Onda, esasan, milli haly we dokma önümlerine, konditer we şöhlat önümlerine ýokary gyzyklanma bildirilip, sergä gatnaşan hususyýetçilerimiz tarapyndan bu önümleriň täze bazarlaryny giňeltmek boýunça birnäçe netijeli gepleşikler geçirildi.
Maslahatyň gün tertibine ulag-logistika we senagat ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan «Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa girizilip, onda Türkmenistandan geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň, ösen ulag infrastrukturalarynyň ähmiýeti, bu ugurlary netijeli ulanmakda geljekki meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de türkmen wekiliýetiniň Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda alnyp barylýan gatnaşyklara täze itergi berjekdigini aýtdy.
Soňra agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag we kommunikasiýalar ulgamyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ulag syýasatynyň hem-de ulag ulgamyndaky öňe sürülýän ählumumy ähmiýetli teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Agentligiň ýolbaşçysy milli ulag düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge berýän aýratyn üns-aladasy, ulag babatda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýan sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzyň halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändigi bellenildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň 6-synyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň bu möhüm daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi. Munuň özi ekologik ugry nazara almak bilen, ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegine ýardam edilmegine halkara bileleşik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň dünýäde syýasy we ykdysady durnuklylygy saklamak, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek, dialog filosofiýasyny ilerletmek, halkara gatnaşyklarda emele gelýän derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň adyndan hödürlenen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýokarda agzalan Kararnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ilkinji ädimleriň biri hökmünde şu ýylyň 16-njy maýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň sebitiň ýurtlary bilen bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň bu hyzmatdaşlykdaky orny nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, Owganystanyň goňşulary hökmünde bu ýurdy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara tagallalary birleşdirmek we owgan halkyna ykdysady, ynsanperwerlik kömegini bermek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän möhüm orny bellenildi.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek ýaly wajyp ugurdaky hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýandygy nygtaldy. Ýurdumyz bu baradaky meselä dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen, Aral deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy maýy aralygynda Bangkok şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 16-njy maýda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin örän möhümdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen şol maslahatyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Bu Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçiren Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem geçen ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen bagly tagallalarynyň we Awaza Jemleýji Beýannamasynyň ähmiýetine kanagatlanma bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu möhüm halkara üstünligi bilen Hökümet agzalaryny we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün birnäçe meselelere seredilendigini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.