22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini, Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisiniň geçirilendigini belläp, häzirki döwürde ýaşlaryň ägirt uly işleri bitirmeklerine bil baglanýandygyny aýtdy. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe Kararnamalary kabul edendigini belledi. Şolaryň hatarynda her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda ýakynda kabul edilen Kararnama bar.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu işleriň sakasynda bolsa döwletimizde edilýän irginsiz aladalaryň, çagalar babatda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň durandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji iýunda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilýän Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň hem aýratyn many-mazmunynyň we ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň berk kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri, ýaşlar barada döwlet syýasaty, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi, bilim, medeniýet hakynda we beýleki kanunlarda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Maşgala kodekslerinde, birnäçe beýleki hukuk namalarynda çagalary goramak bilen bagly meseleleriň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi şu ugurda alnyp barylýan işlere goşant goşmak maksadyna gönükdirildi. Gaznanyň alyp barýan işlerine, elbetde, biziň hormatly ýaşulularymyz uly goldaw berýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem işine ak pata berler. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, Milli Liderimiz belledi. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşýan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini, maslahatlaryny diňledi.
Ilki bilen, Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşuly Rejepmämmet Ataýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda “Ilkinji nobatda, meniň bar aladam halkym bolar!” diýen parasatly ýörelgesiniň netijesinde birnäçe özgertmeleri geçirendigini aýtdy. Soňky döwürde Aşgabadyň gözel keşbe girmegi, tanalmaz derejede özgermegi babatda köp işleriň amala aşyrylandygyny uly buýsanç bilen nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda saglyk desgalary, ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berilýär we birnäçesiniň düýbi tutulýar. Bu işler maksatnamalaýyn häsiýete eýedir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlarynyň we ýagşy işleriniň aýdyň subutnamasydyr.
R.Ataýew Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, ynsanperwer ýörelgeleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlyk ugurlary bolup durýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda türkmen gurluşykçylary tarapyndan döwrebap metjidiň, çaga dogrulýan öýüň, dükanyň, goňşy ýurduň ykdysadyýeti, senagaty we önümçilik kuwwatlyklary üçin zerur bolan elektrik stansiýasynyň gurlandygyny belledi. Mundan başga-da, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça goňşy döwlete ynsanperwerlik ýüki bilen birlikde, lukmanlar hem iberildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly orun berilýändigini görkezýär. Bu işleriň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde gurulýan Arkadag şäheriniň hem-de “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna guramaçylykly girişmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyp, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde telekeçileriň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň ähli ilatyny her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Gurbangeldi Aýlyýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol çykyşynyň başynda Ahal welaýatynyň zähmetsöýer ilatynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza dogaýy salamy getirendigini aýtdy.
Çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulandygyny ýatlap, bu wakanyň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.
Şeýlelikde, Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bina edilmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen işler bolup durýar. Bu döwrebap şäheriň gurulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň uly yhlasynyň we gujur-gaýratynyň bardygyny bellemek bilen, Ahal welaýatyna wekilçilik edýän hormatly ýaşuly türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ahal welaýatynyň wekili çykyşynyň ahyrynda täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmelere buýsanýandygyny goşgy setirlerinde beýan etdi:
Bu Watanda ýaşamakda bagtym bar,
Türkmen topragynda täji-tagtym bar,
Galkynyş ülkesi barha galkynýar,
Çünki Howandarym — Gahrymanym bar,
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
Awazada Hazar suwy tolkunýar,
Kenarynda şugla saçýan ýalkym bar,
Beýik Galkynyşda göwün galkynýar,
Nirde bolsam, hak-hukugym, erkim bar.
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
Watanymyz öz Ogluna daýanýar,
Raýatlar Gahrymana guwanýar,
Ýer ýüzünde mertebesi beýgelýär,
Belent mertebeli Arkadagym bar,
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
Bedew atda, halysynda many bar,
Nebit-gazyň ýer astynda käni bar,
Türkmen ilim asuda hem bagtyýar,
Arkadagly Serdar — Prezidentim bar!
«Döwlet adam üçindir!» ýörelgämiz bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulynyň ýürek joşgunyny eşitmegiň, onuň goşgusyny diňlemegiň ýakymlydygyny, bu sözleriň mähriban Watanymyza bolan çuňňur buýsançdygyny belledi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Şunda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn üns berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Diýarymyzda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegine gönükdirilen, ýurdumyzyň senagat düzüminiň üstüni ýetirjek önümçilik toplumlarynyň guruljakdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşululara alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly ýaşuly Ýazmyrat Atamyradow Balkan welaýatynyň zähmetsöýer, agzybir ilatynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy ýürekden mübärekledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öňdengörüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Balkan welaýatynda durmuş maksatly iri desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şeýle hem ildeşimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň günbatar sebitine mübärek gadamynyň düşmegi bilen, açylyp ulanmaga berlen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň, döwrebap metjidiň welaýatyň edara ediş merkeziniň görküne görk goşýandygyny belledi.
Hormatly ýaşuly Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň halkymyz, aýratyn-da, häzirki ýaşlar üçin nusgalyk gollanma öwrülendigini, ýolumyza çelgi bolup durýandygyny buýsanç bilen aýtdy hem-de bu kitapda geçmişiň we geljegiň arabaglanyşygynyň bardygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli ugurlar, şol sanda oba hojalyk pudagy boýunça uly üstünlikleri gazanýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulýandygyna we olaryň gurluşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekip, bu işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny belledi.
Daşoguz welaýatynyň wekili Henip Zahyrow çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynyň, kömek-goldawlarynyň netijesinde saglygy dikeldilen çagalaryň hossarlarynyň sagbolsunlaryny türkmen halkynyň Milli Liderine ýetirmäge döredilen mümkinçilik üçin özüniň hoşallygyny aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Daşoguz welaýatynda hem birnäçe hassahanalar açylyp ulanmaga berildi. Bu saglyk merkezlerinde ildeşlerimiziň saglyklaryny dikeltmekleri halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ajaýyp işlerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň her bir türkmen raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky meselelere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly üns berýändiginiň nyşanydygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belledi.
Lebap welaýatyna wekilçilik edýän hormatly ýaşuly Ereş Talipow türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň zähmetsöýer ilatynyň dogaýy salamyny ýetirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň Lebap welaýatynyň hem gülläp ösmegine ýardam edýändigini belledi. Bu ýerde senagat desgalary, medeniýet öýleri, saglyk merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi halkymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Çykyş edeniň belleýşi ýaly, şunda lebaply pileçileriň meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendiklerini, sebitiň daýhanlarynyň galla oragyna ýokary taýýarlykly barýandyklaryny, gowaça meýdanlarynda gowy gögeriş alandyklaryny mysal hökmünde getirip bolar. Şeýle hem ýaşlaryň bu işlere yhlasly gatnaşýandyklaryny we tutanýerli zähmet çekýändiklerini bellemek gerek.
Ildeşimiz çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň gündogar sebitinde iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, dürli maksatly köp sanly desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara möhüm ornuň degişlidigini, ýaşulularyň bolsa terbiýeçilik işlerinde aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Soňra Mary welaýatyndan gelen hormatly ýaşuly Allaýar Allakow çykyş edip, şu günki mejlise gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de sebitiň zähmetsöýer daýhanlarynyň adyndan gyzgyn salamyny ýetirdi. Hajy Arkadagymyzyň beýik işlerini bu günki gün mynasyp dowam etdirýän Arkadagly hajy Serdarymyz Watanymyzy täze üstünlikleriň ýoly bilen öňe alyp barýar. Türkmenistan häzirki wagtda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri halkymyzda uly ruhubelentlik döredýär.
Mary welaýatynyň wekili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen birnäçe çagalaryň saglyklarynyň dikeldilendigini nygtap, Halk Maslahatynyň Başlygyna uly hoşallyk bildirdi. Ol bu baradaky sözüni dowam etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň yzygiderli hemaýatlarynyň netijesinde, Owganystana hem-de Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini belläp, bu döwletli işleriň tüýs ýürekden buýsanç duýgusyny döredýändigini aýtdy. Çykyş edýän sözüniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşululara minnetdarlyk bildirip, köp sanly taryhy ýadygärlikleriň ýerleşen ýeri bolan Gadymy Merwiň çäginde bu ýadygärlikleri geljek nesillere ýetirmek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek we syýahatçylygy ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň bagtyýarlygy ýurdumyzyň abadançylygydyr, beýik işleriň başlangyjydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Soňra hasabat bermek üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerini dolandyryjy K.Babaýewe söz berildi.
K.Babaýew çykyşynyň başynda ýurdumyzda, asylly däbe görä, ýaňy dünýä inen çagalara atlary dakmak ýaly ajaýyp dessuryň häzirki döwürde dowam etdirilýändigini aýratyn belledi. Bu günki döwletli duşuşygyň dowamynda çagalaryň bagtyýar durmuşy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynda çuňňur manynyň bardygyny belläp, ol 1-nji iýunda geçiriljek Çagalary goramagyň halkara gününe degişli derejede taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy barada aýtdy.
Şol gün paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere hem-de mekdebi tamamlaýan uçurymlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny kepillendirýän kanunçylyk binýadynyň döredilendigi nygtaldy. Şundan ugur alyp hem-de döwletimiz tarapyndan döredilen şertlerden ruhlanyp, Türkmenistanda bagtyýar, zähmetsöýer nesil kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, K.Babaýew Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow alnyp barylýan işler we öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaşulular aýratyn hormatdan peýdalanýarlar, olara ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy. Bu bolsa ýaşlar üçin bolşy ýaly, ýaşuly nesiller üçin hem aýratyn buýsançlydyr.
Möhüm ähmiýetli şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşmagyň, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, R.Bazarow Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde garalan meseleleriň bu işleri mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda çykyş edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek hem-de degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak gerek.
Gahryman Arkadagymyz geçirilen giňişleýin we mazmunly söhbetdeşlik üçin ýaşululara minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alşyldy. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda hemmetaraplaýyn aladamyzyň güwäsidir. Şu işde ýaşululara aýratyn orun degişlidir.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp hem-de şu gün onuň dowamynda döwlet ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.