Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi. Olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli degişli görkezijileri yzygiderli hem-de içgin öwrenmek esasynda alnyp barylmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit guýularynyň önüm berijiligini artdyrmak we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, nebitli guýularda gatlak suwunyň akymyny azaltmak, çäge we parafin dykylaryny ýuwmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak babatda ähli tagallalar edilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, orakda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary taýýarlamak işleri dowam edýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň giň gerimde ösdürilýändigini belledi. Döwletimiz ýerden bol hasyl almak üçin daýhanlarymyza ähli şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Diýarymyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri zerur mineral dökünleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän mineral dökünleri öndürýän kärhanalaryň bökdençsiz işledilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, olaryň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda telekeçileriň we senagatçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak üçin degişli mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu kärhanalarda taýýarlanylýan ýokary hilli dürli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islege eýedir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlete degişli bolmadyk pudagyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagynyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady hem-de wise-premýere bu babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde 5-6-njy iýunda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda Gruziýa bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu çärä taýýarlygyň talabalaýyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Öňümizdäki aýyň dowamynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri; 2-nji iýunda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gidýän çagalary ugratmak dabarasyny; 3-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini; 5-nji iýunda welaýatlarda, Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleri we maslahatlary; 13 — 16-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny; 22 — 27-nji iýunda Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa soňra «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, festiwaly hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty Hazar deňziniň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçiriljek çäräniň möhüm ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Olar her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, arassa howada gezelençleri, zehin we döredijilik bäsleşiklerini guramak, milli oýunlar boýunça ýaryşlary, sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş türkmenistanlylaryň oňaýly dynç almagy, saglyklarynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösmegi hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere tomusky dynç alyş möwsüminde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyz boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde welosiped sportunyň tutuş dünýäde, aýratyn-da, ýurdumyzda meşhurlygynyň barha artýandygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12 — 16-njy iýuny aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, biziň ýurdumyzyň bar bolan ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna işjeň gatnaşýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 28-nji maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.
Berkarar döwletimizde halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny dikeltmek üçin zerur işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ussat halyçylary ýetip gelen Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi. «Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.
Mejlisde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.