AŞGABAT,24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegini we ýurdumyzyň sebitiň iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, taryhy dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda möhüm ugur hasaplanýar.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän täze desgalar bilen tanyşdylar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow desgalaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn pugtalandyrylýar. Düzümiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyza 2 sany «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Bu görnüşli uçarlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýene-de 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär.
Howa menziliniň çäginde ýerleşýän angarlar dürli görnüşli uçarlary degişli derejede saklamak we olary tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz bu desgalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen içgin gyzyklandylar. Bellenilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işleriň, tehniki hyzmatlaryň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, uçarlaryň uzak möhletleýin esasda ulanylmagynyň baş şertini emele getirýär.
Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman uçarlarynyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini, şunda degişli tehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr.
Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşendigini hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini täze uçarlar bilen ýetirmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri, inženerçilik-tehniki maksatly desgalar gurulýar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty esasynda Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli düzüminiò dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça raýat awiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýükleriň daşalmagyny, ýolagçylaryň gatnadylmagyny hasda işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.