Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň bilelikde yglan edýän «Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady:
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durnukly gazanylýan ösüşler bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz hem özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň üns merkezindäki ýurtlaryň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler watandaşlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere ser salyp, sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli onuň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň guramaçylyk toparyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň wekilleri girizilýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli guralýan döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, döredijilik bilen meşgullanýan watandaşlarymyz, şol sanda ýaşlar, mugallymlar, talyplar we okuwçylar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň jemi boýunça «Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly şygar astynda Arkadag şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny açyp görkezýän edebi we žurnalistiki eserler, şeýle-de Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny açyp görkezýän fotosuratlar ugradylyp bilner.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň işgärlerinden düzüler.
Eserleriň mazmunyna we hiline talaplar:
Bäsleşige hödürlenýän eserleriň awtorlary çeper we žurnalistiki eserlerinde beýan edýän ugurlary boýunça Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylan beýik taslamany — Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny düşnükli we dogry beýan edip bilmeli. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň gözelligini we özboluşly taraplaryny fotosuratlar arkaly açyp görkezmeli.
Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde saýlanylyp alnan žanr boýunça talaplar, pikir yzygiderliligi, maglumatlaryň, sanlaryň, seneleriň beýan edilişi ýazuw we dyngy belgi kadalary takyk görkezilen bolmaly. Fotosuratlaryň ýokary hilli bolmagy we fotožurnalistikanyň talaplaryna laýyk düşürilmegi hökmany şertdir.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşigiň jemi boýunça Arkadag şäheri hakynda žurnalistikanyň dürli žanrlarynda taýýarlanylan materiallardan, edebiýatyň poeziýa we proza žanrlarynda döredilen eserlerden hem-de Arkadag şäherini köptaraplaýyn açyp görkezýän fotosuratlaryň arasyndan ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri belli ediler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda proza, poeziýa, žurnalistika we fotografiýa boýunça ýeňijiler aýry-aýrylykda yglan ediler.
Eminler topary tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (4 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (4 sany 1-nji orun, 4 sany 2-nji orun, 4 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 5 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 20 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri dabaraly ýagdaýda yglan edilip, olara degişli sowgatlar, Hormat hatlary we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler. Bäsleşige gatnaşýanlar öz maglumatlaryny (ady, familiýasy, atasynyň ady, okaýan ýa işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgileri we internet salgysy) doly görkezmedik halatynda olaryň materiallary kabul edilmez.
Elektron salgylarymyz:
ArkadaglyYashlar@gmail.com; turkmenistansport@sanly.tm;
Telefon: 44-88-80, 22-81-38.