29-njy iýunda ýurdumyzda şu ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biri bolan täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.
Milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynda bellenilişi ýaly, türkmenleriň ata babalarynyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda durmuş ulgamyna öňde baryjy sanly, maglumat kommunikasiýa we»ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly»şäher kemala geldi.Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirkizaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.Ähli babatda,şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýände degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär.Bu ýerde möhüm ekologik talaplara aýratyn üns berlipdir.Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler peýdalanyldy. Bu aýdylanlara Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şäher gurluşyk hem-de inženerçilik tehniki çözgütlerini,Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini,ýurdumyzyň hemme taraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga,halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň düýbi tutulan pursadyndan başlap, bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hem işe üns merkezinde saklady.
Ägirt uly taslama iki tapgyrda durmuşa geçirilýär. Gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde durmuş medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336sy ulanmaga berildi.16njy iýunda hor matly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şä heriň edara kärhanalary we guramalary üçin dürli görnüşli awtoulag serişdeleri,şol sanda elektroulaglar sowgat berildi.Şäheriň ýol ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulaglary — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder.
Döredijilik, abadançylyk, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly waka Türkmenistanyň täze pikirleri döredýän we durmuşa geçirýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen derejesini tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň sebit, ähli umumy derejedäki möhüm meselelerini täzeçil, toplumlaýyn, hemme taraplaýyn esasda çözmek boýunça başlangyçlary dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi.
Iri halkara habarlar agentlikleri we maglumat seljeriş portallary, köp sanly elektron neşirler, meşhur internet saýtlary giň okyjylar köpçüligine deňsiz taýsyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy barada habar berdiler. «RIA Nowosti», «TASS», «MIR 24»,«Tatar-inform», «Azertaj», «Trend», «Anadolu», «Kazakhstan Today» ýaly habarlar agentlikleri, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň,Eýranyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda GDAnyň internet portaly,sng. today,centrala sia.news,bel ta.by,vestikavkaza.ru web saýtlary ilkinjileriň hatarynda bu şanly wakany beýan etdiler.
«Bu ýerde hemme zat — ýaşaýyş jaýlary, has sahanalar, mekdepler, jemgyýetçilik desgalary ak reňkde ýalkym saçýar. Köpetdagyň etegi, köpsanly baglar—ine,golaýda Türkmenistanda açylan Arkadag şäheriniň daşky keşbi şeýle görünýär» diýip, «Tatar-inform» ýazýar. Bellenilişi ýaly, şäher dört ýyldan gowrak wagtda guruldy.Onuň durmuş ulgamy»akylly» duralganyň, elektroulagyň, Günbatareýalarynyň we ýel elektrikgeneratorlarynyň, başgada köp sanly döwrebap tehnologiýalaryň esasynda guralypdyr.Habarlarda nygtalyşy ýaly, şäheriň açylyş dabarasy günüň ikinji ýarymynda hem dowam etdi.Aşgabat — Arkadag ýolunyň ugrunda köp sanly saýaly baglar oturdylyp, bu ýerde damjalaýyn esasda suwaryş ulgamy döredilipdir.
«Trend» habarlar agentligi hem «akylly»Arkadag şäheriniň açylyşyny dessine okyjylara ýetirdi.»Türkmenistanda taryhy waka we milli baýramçylyga öwrülen bu giň gerim li çäre halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi» diýip, habarlar agentliginiň habarçysy dabaralaryň geçirilen ýerinden habar berdi. «Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy iň ýokary derejede guralypdyr.Bu iri çäräniň Gurban baýramy bilen gabat gelmegi bellärliklidir».
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, jemgyýetçilik wekilleriniň, dünýäniň köpsanly ýurdundan myhmanlaryň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy barada habar berilýär. Açylyş dabarasy «Ak han» binasynyň ýanyndan badalga aldy.Bu ýerde döredijilik toparlary aýdym sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler we dabaraly ýöriş guraldy. Bu binada ady rowaýata öwrülen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur ahal teke bedewiniň keşbi şekillendirilendir. Täze şähere ajaýyp görk berýän ýadygärlik toplumy türkmen halkynyň Gahryman Arkadagynyň başlangyjy bilen gurlup,ol halkyň buýsanjyna we bahasyz baýlygyna öwrülen bedewlere bolan ähli halk söýgüsiniň nyşanydyr. Binanyň açylyşynda dabaraly aýdym sazlar bilen utgaşdyrylyp, dürli reňkdäki şarlar uçuryldy,suw çüwdürimleri işläp başlady.
«Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyndaky giň gerimli çäreleriň çäklerinde Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Türkmenistanyň Döwlet tugy asmana galdyryldy we «Arkadag Binasynyň» açylyş dabarasy geçirildi» diýip, «Trend» habarlar agentligi ýazýar.»Soňra medeni durmuş maksatly desgalar we ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşlyk gezelenji, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş dikeldiş merkeziniň açylyşy, Arkadag şäherine halkara sylaglaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi».
«Türkmenistanda»akylly»Arkadag şäheri açyldy»diýip habar beren «MIR 24» teleýaýlymynyň habarçysy Artýom Wasnew: «Köpetdagyň etegindäki bu giňişlikde täsin Arkadag şäheri kemala geldi. Ol ýurduň paý tagtynyň golaýynda, Aşgabatdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär.Bu ýerde häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän ekologik taýdan arassa şäher döredildi»diýip belleýär.
Nygtalyşy ýaly, ähli binalarda elektron dolandyryş ulgamy ornaşdyryldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheri tutuşlygyna»akylly»şäher konsepsiýasy esasynda guruldy.Bu ýerde ýol yşyklandyryjylary hem täze çil usulda gurnalypdyr.Olar awtomatik ýagdaýda,şäheriň ulag akymlaryna baglylykda sazlaşykly işleýär.Mundan başgada, bu şäher Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeketäk şäherdir. «Bu ýerde ap-ak we ýaşamak üçin ähli şertleri döredilen köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy hemde ähli jaýlar«akylly»öý ýörelgesi esasynda işleýär.Şeýle hem ähli tölegleri jaýdan çykmazdan amala aşyrmak mümkin. Munuň özi, aýratynda,türkmen tebigatynyň şu wagtky yssy howasynda amatlydyr»diýip, «MIR24»teleýaýlymynyň habarçysy sözüni dowam etdi.
Teleýaýlymyň habarynda şäheriň ähli düzüminiň elektrik toguny tygşytlaýjydygy bellenilýär. Hemme ýerde Gün batareýalary ornaşdyrylypdyr. Şäheriň açylmagy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi.Arkadag şäheri agşamlaryna has hem owadan. Ýokardan seredeniňde,ol ýurduň ýene bir nyşany bolan türk men halysyny ýatladýar. Howada yşyklandyrylan dronlar ýörite ulgam arkaly uly göwrümli şekilleri emele getirýär.Açylyş dabarasy feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy.Şol gün tutuşlygyna giň gerimli wakalara beslendi. Dabara ýokary ruhubelentlik bilen jemlendi.
Gurluşygy 2023—2026-njy ýyllarda dowam etjek Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda azyk harytlaryny,senagat, derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürjek önümçilik hemde hyzmat ediş desgalarynyň guruljakdygy barada Russiýanyň»RIA Nowosti» halkara habarlar agentligi habar berýär.Agentligiň topary täsin şäheriň dabaraly açylyşynda bolup geçýän wakalary hakyky wagt tertibinde habar berdi.
Täze şäheriň keşbinde milli heýkeltaraşlygyň iň gowy däpleriniň binagärlik hemde dizaýn sungatynyň häzirki zaman gazananlary bilen sazlaşykly utgaşýandygy barada «Kazakhstan Today» okyjylaryna habar berýär. «Kaspiýskiý westnik» maglumat syn portaly, Özbegistanyň dürli internet çeşmeleri—uz.sputniknews,yuz.uz, darakchi.uz, Täjigistanyň habar beriş saýtlary— tj.sputniknews we tajikistan24.com, tutuş dünýä boýunça ýokary tehnologiýalar asyrynda millionlarça okyjysy bolan öňde baryjy habar beriş agentlikleri,meşhur internet saýtlary ýurdumyzda Arkadag şäheriniň giň gerimli açylyşy mynasybetli geçirilen dabaralar barada giňişleýin habar berdiler.
«Geljegiň şäheri»diýip doly derejede atlandyryp boljak Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäheriň açylyşy mynasybetli ýokary derejede guramaçylyk işleriniň netijesinde guralan dabaralar isleg bildirýänleriň ählisi üçin açyk boldy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sanly tehnologiýalar arkaly belende galdyrylmagy, dabaraly ýörişiň geçirilmegi, dolandyryş we durmuş maksatly desgalaryň,örän amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, ministrlikleriň,edaralaryň düzümleýin binalarynyň, bank şahamçalarynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň açylyş dabaralary,döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezýän çykyşlar, duşuşyklar — bularyň ählisi türkmen telewideniýesinde onlaýn tertipde görkezildi hemde esasy habar beriş serişdelerinde beýan edildi.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri fotoşekilleri, wideo reportažlary wakalaryň bolup geçýän ýerinde taýýarladylar. Şäheriň açylyşynda «Большая Азия»teleýaýlymynyň we»MIR»döwlet ara teleradiokompaniýasynyň döredijilik toparlary işlediler.
Dünýä metbugaty dabaranyň dowamynda halkara guramalaryň ýolbaşçylary we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täze şähere güwänamalaryňdyr diplomlaryň 20den gowragynyň gowşurylandygy barada habar berýär.Şolaryň hatarynda «Ýaşyl» we «akylly» şäher», «XXI asyryň şäheri», «Türki dünýäniň ilkinji«akylly»şäheri»,seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem deseýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmy barlag işleriniň hili barada şahadatnama,garaşsyz ylmy tehniki derňewleriň netijesinde Durnukly ösüş maksatlaryna,ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnama we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp,meşhur elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny habar berýärler.Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri:»Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan, häzirki zaman düzümi bolan Arkadag şäheri halkyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi»diýip ýazýarlar.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän ýol ulag düzümi dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döretdi.Giň şaýollar, köçeler we aýlaw ýollary häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik hemde dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Hususanda, «Intelligent Transportation System» (ITS) ulag ulgamlaryny modelirleme we ulag akymyny sazlamakda innowasion oýlap tapyşlardan peýdalanýar. Degişli ýol belgilerini ýerleşdirmek meselesi içgin öwrenildi.Munuň özi ýol hereketiniň maglumat berijiliginiň,howpsuzlygynyň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna, ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň — sürüjileriň we pyýadalaryň özara gatnaşygynyň sazlaşmagyna getirýär. Iri sebit neşirleri täze elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň Arkadag şäheriniň ilatyna we myhmanlaryna ýokary hilli hemde medeniýetli hyzmaty üpjün etjekdigi barada habar berdiler.«Duralga»we«Ynamly taksi» ýaly mobil goşundylaryny ulanmak üçin QR-kodlar döredildi. Nagt däl tölegleri we onlaýn sargytlaryň tölegini amala aşyrmak maksady bilen, terminallar göz öňünde tutuldy. Awtomobil ýollarynda jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi üçin niýetlenen zolaklar hem ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýär.
Özbegistanyň Milli habarlar agentligi we bu goňşy ýurduň dürli internet çeşmeleri sürüjilere ýolda wagty tygşytlamaga mümkinçilik döredýän«akylly»ugurlar barada giňişleýin maglumat berdiler.Ýol ýazgylary, ulaglaryň hereketiniň gözegçiligi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Mundan başgada,duralgalarda ulaglaryň gelýän wagtyny kesgitleýän,ýol hereketleriniň maglumatlaryny özünde jemleýän ýörite mobil goşundysy döredildi.Elektrobuslardan we elektromobillerden peýdalanylmagy şäherde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine ýardam berer. Şol gün çap edilen köpsanly makalalarda elektroulaglar üçin niýetlenen «akylly»awtoulag duralgalarynyň,güýçlendiriji beketleriň ýörite gurallar hemde döwrebap maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly dolandyrylýandygy we sazlaşdyrylýandygy bellenildi.
Umuman,meşhur elektron neşirler Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyndaky möhüm wakalar hakynda maglumatlary giňişleýin beýan etdiler.
Dünýä metbugatyna syny tamamlap, Arkadag şäheriniň ýokary derejede guralan açylyş dabaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň tä ze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Türkmenistanyň şöhratly taryhyna ýene bir aýdyň sahypany ýazandygyny ynamly aýtmak bolar. (TDH)