Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde arap dili kurslaryna ýazylyşyk dowam edýär. Sapaklar duşenbe, çarşenbe we anna günleri sagat 18:00-dan 21:00-a çenli geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Merkezde «Pedagogika we psihologiýa» okuw kursuna hem ýazylyp bolýar. Bu sapaklar oktýabr aýynda hepdäniň iş günlerinde sagat 17:00-dan 20:00-a çenli dowam eder.
Kurslar barada goşmaça maglumaty şu telefon belgileri arkaly anyklap bilersiňiz:
- (+993 12) 50-31-84.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi mugt we tölegli esasda, ýöne bir maşgala agzalary üçin giňden arzanladyş ulgamy bilen dürli hyzmatlary hödürleýär.
Maýyp çagalar we pensionerler hepdede iki gezek kompýuter sowatlylygy okuwlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde hepdede bir gezek dürli ýaşdaky talyplar üçin 1 sagat dowam edýän sanly tehnologiýalar barada giriş sapaklary geçirilýär. Bulardan başga-da merkez terjime we goşmaça-dekoratiw işleri ýerine ýetirmek hyzmatlaryny hödürleýär.