ALAJANYŇ NESIL TERBIÝESINDÄKI ORNY

     Ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan ussat halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de alaja örende ulanan güjüm agajyndan ýasalan iş guralyny sowgat berdi. Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň el işleri diňe bir milli mirasymyzyň tapylgysyz hazynasy bolman, eýsem, olar nesil terbiýesinde hem ähmiýetlidir.

     Hormatly Prezidentimiziň käbesi ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa şol gün agtyjaklary bilen Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de alaja örende ulanan iş guralyny sowgat bermegi gaýyn-gelin arasyndaky arabaglanyşygyň beýikdigine, şeýle-de, il içindäki «Dogdugymdan düşdügim», «Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden» diýen parasatly jümläniň ýöne ýerden döremedigine göz ýetirmek bolýar. Soňra Ogulgerek gelnejäniň agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, ol ýerde asylly we usully hereketleri bilen ýaňy başlanan hala alaja nagşyny çitişi, kiçi agtygynyň ýumak sarap oturyşy sungatdan gudrata öwrülen halyçylyk sungatynyň nesilden-nesle geçýändiginiň sözsüz beýany boldy. Zähmet ýolunda nesillere görelde mekdebi bolan gaýyn-gelin — Ogulabat eje we Ogulgerek gelneje ýaşlara hemişe ýol görkeziji şamçyragdyr. Geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar üçin nusgalyk, görüm-görelde mekdebidir.

     Ogulabat ejemiziň nepislik bilen dokan alajasy milli mirasymyzyň inçe sungatydyr. Alaja daşynda seredäýmäge ýönekeý ak bilen gara sapakdan bolup görünse-de, sungat derejesine ýeten bu senediň nesil terbiýesinde aýratyn orny bardyr. Taryhyň gatlaryna ser salanyňda türkmen halky perzentlerini ýaşlygyndan belli bir hünäre gönükdiripdirler. Edil şonuň ýaly-da, aga-gara düşünip başlan gyz perzendine el işi hökmünde alaja işmegi, dokamagy öwredipdirler. Hut şonuň üçin hem türkmen zenanlarynyň haýsy birini alyp göreniňde-de alaja işmegä, keşde çekmegä, milli lybaslary biçip-tikmegä, haly dokamaga, keçe taýýarlamaga ukyplydyr. Sebäbi nesillere el hünärini öwretmek, olarda zähmete höwes döretmek ene-atalaryň mukaddes borjudyr. Şeýle işlerden baş çykarýan çaga bolsa gözelligi döredip, özbaşdak pikir ýöredip we öz öwrenen işine täze öwüşgin çaýyp bilýän ynsan bolup ýetişýär. Şonuň üçin hem el işleri nesillerden nesillere geçip, kämilleşip gelýän nepis sungat hasaplanylýar.

     Türkmen halky yrymçyl halk bolansoň, alajany nämährem nazarlardan, gözden-dilden goragçy hökmünde ulanypdyrlar. Ene ýüreginiň ýyly mähri, şirin owazy siňen, çagasynyň arzyly geljegi arzuwlanyp dokalan alajalar megerem perzentleriň dogry ýola düşmegine itergi bolýandyr. Türkmen halk döredijiliginiň hem agramly bölegi ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, aň taýdan ösen kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine gönükdirilendir. Gyz-gelinlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilýän halk döredijiligindäki:

Bir ak bilen bir gara,

Işseň bolýar alaja.

Agam bilen gelnejem,

Döwran sürsün bileje –

     — diýen setirleriň üsti bilen ak bilen gara reňkden işilen alajanyň hiç haçan iki sapagyň biri-biriden aýrylmaýandygyny nygtap, täze durmuş guran maşgalanyň şol alaja ýaly bir-birinden aýrylmazlygy, maşgala mukaddesligine, nika mukaddesligine hemişe sarpa goýulmagy ündelýär.

     Türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI